- Nazary (teoriýa) taýdan küşt oýnunda iň köp 5870 göçüm edip bolýar.
- Iň uzaga çeken küşt oýny 1989-njy ýylda Belgradda Nikolik bilen Arsowiçiň arasynda bolup, oýun 269 hereketden soň deňme-deň tamamlandy.
- 1988-nji ýylyň noýabr aýynda Kaliforniýanyň Long Biçdäki “çuňňur pikir” diýlip atlandyrylýan kompýuter, grossmeýsteri ýeňen ilkinji kompýuter boldy.
- Şah mat sözi küşt terminine pars dilinden gelip goşulandyr. “Şah mat” pars dilinde “şa öldi” diýmekligi aňladýar.
- Küşt tagtasynda atyň öwrüp bilýän 122 million hereketi bar.
- Albert Einşteýn küşt çempiony Emanuel Laskeriň ýakyn dostudyr, “New-York Times” gazetine beren interwýusynda, ol özüniň haýsydyr bir oýun oýnamaga wagtynyň ýokdugyny aýtdy.
- Iňlis dilinde ikinji çap edilen kitap – küşt hakyndadyr.
- Bütin dünýäde takmynan 600 000 000 adam küşt oýnamagy başarýar.
Maglumaty toplan:
Diýar ARAZMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby.
Teswirler