Dünýädäki iň uly gara reňkli göwheri “Enigma” satyldy

Häzirki wagtda “Enigma” diýip atlandyrylýan we dünýäniň iň uly gara reňkli göwheri bolan bu gymmat bahaly daşy kripto pul bilen 3 million 161 müň funt sterlinge satyldy.

“Gemological Institute of America” tarapyndan “Dünýädäki iň uly tebigy gara reňkli göwher” hökmünde görkezilen bu almaz 2006-njy ýylda Ginnesiň rekordlar kitabyna “Dünýäniň iň uly kesilen almazy” bolup girmegi başardy we häzirki wagtda iň güýçli göwherleriň arasynda öz ornuny saklaýar.

Satuw işleri Londonda ýerleşýän Sotheby’s auksion öýünde tamamlandy. Satuwdan öňki çaklamar bolsa bu gymmat bahaly daşyň bahasy 3-5 millionfunt sterling arasynda boljakdygyna garaşylýardy. 1990-njy ýyllarda ozalky eýesi tarapyndan satyn alnanda, çig görnüşinde 800 karat agramy bolan “Enigma”, 3 ýyllyk işden soň 555.55 karat görnüşe eýe boldy.

Agaly MEŇLIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok