5-nji fewral – Bütindünýä nutella güni

2007-nji ýyldan bäri her ýylyň 5-nji fewralynda “Bütindünýä nutella güni” giňden bellenilip, bu dynç alyş güni halkara derejesinde ykrar edildi. Bütin dünýäde tanalýan we ilkinji nobatda çagalaryň arasynda has meşhur bolan Nutella markasy dünýä baýramçylyklarynyň sanawynda abraýly orny eýeledi. Italiýada ýaşaýan amerikaly Sarah Rosso 2007-nji ýylyň 5-nji fewralyny “Bütindünýä nutella güni” diýip bellemegi teklip edýär. Lezzetli önümiň millionlarça muşdagy hem bu günüň bütindünýä derejesinde bellenilmegini kabul etdi.

1946-njy ýylda konditer önümleri we çörek bişirilýän kärhananyň eýesi Pietro Ferrero ýerli karnawal gahrymanlarynyň biriniň adyny göterýän “Gianduia” atly ýumşak şokolad barlaryny öndürip, Italiýada meşhur bolan bu önümi tiz wagtyň içinde satyp başlaýar. Bu wakalar 1946-njy ýylda “Ferrero” kompaniýasy üçin hakyky başlangyç bolýar. Ferrero maşgalasynyň şokolad-hoz pastasy bilen geçiren soňky synagy 1951-nji ýylda “Superkrema” (“Supercream”) adyny aldy. 13 ýyldan soňra, ýagny 1964-nji ýylda bolsa Pietronyň ogly Mişel bu kremanyň düzümine birnäçe üýtgeşmeleri girizip, “Nutella” atly täze önümi hödürledi. “Ferrero” kompaniýasy şokolad-hoz pastasyndan başga-da “Kinder” şokoladynyň dürli görnüşleri, “Raffaello” ýaly süýjüleri bilen hem uly meşhurlyga eýedir.

Nutella – Italiýadan ýaýran şokolad hozy. Nutella dünýä belli önüm bolmak bilen çäklenmän, eýsem, çagalaryň arasynda iň bir halanylýan meşhur şokalad görnüşidir. 2007-nji ýylda önümiň mekany bolan Italiýada ilkinji Nutella gününi bellemek boldy. Şondan bäri hem her ýyl bu senede “Nutella”-ny ulanyp ýörişler, aýdym-sazly konsertler, fleş-moblar, baýramçylyga bagyşlanyp her dürli tagamlary dadyp görmek ýaly birnäçe dabaralar geçirilýär. Bütindünýä Nutella gününi bellemäge gatnaşýanlaryň sany ýylsaýyn artýar.

Şirin BATYROWA,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň
Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok