Antik däplerine görä, şekiller, esasan, diwaryň ýüzüne dürli reňkler (gök, gyzyl, gara, goňur, mele, ak) bilen çekilipdir. Aşgabat şäheriniň golaýynda ýerleşýän Bagyr obasyndaky Köne Nusaý galasynyň nakgaşçylyk sungaty şol döwürleriň suratkeşleriniň ussatlygyna we olaryň taryhy wakalary dogry suratlandyryp bilendiklerine şaýatlyk edýär.
Köne Nusaý galasy administratiw merkez bolup, onda patyşa köşgi, dabara jaýlary, ybadathana hem-de gymmatly hazyna saklanýan otaglar bolupdyr. Galanyň harabaçylygyndan rus arheology Wiktor Nikolaýewiç Pilipko tarapyndan söweş hereketlerini görkezýän diwar suwagy tapylýar. Suratda iki tarapyň rehimsiz söweşi suratlandyrylýar. Sagdan çepe tarap omzugyp barýan goňrumtyl-gyzyl reňkli atyň üstünde inçeden uzyn boýly, agajet adam şekillendirilipdir. Ol bar güýjüni jemläp, duşmana garşy okdurylyp barýar. Onuň ýokary göterip duran sag eliniň tirseginden ýokarsy görünmeýär. Şonuň üçin onuň nähili ýarag bilen söweşenligi takyk däl (Wiktor Nikolaýewiç Pilipko, «Miras», 2002ý. N2. sah. 36). Çarpaýa galyp duran atyň üstünde oturan inçeden uzyn boýly esgeriň söweş esbaplary juda ýuka. Ol atyň jylawyny bilinden geçiripdir.
Tapylan söweş şekilleriniň doly däldigine garamazdan söweşde ýüze çykýan ganygyzmalygyň hem-de çalasynlygyň keşbi duýulýar. Söweş hereketleri diwara çalnan ak hekiň ýüzünde şekillendirilipdir. Esgeriň eýersiz atyň üstünde oturmagyny arheolog alym Wiktor Nikolaýewiç Pilipko suratkeşiň geleňsizligi diýip hasap edýär. Suratda haýsy-da bolsa bir söweş wakasynyň beýan edilýänligi anyk bolsa-da, tutlu-şyp duran garşydaşlaryň daşky görnüşlerini aýyl-saýyl etmek kyn. Alymlara duşmançylykly iki tarapyň doly şekilli, aýyl-saýyl bolup duran tapyndy bölegi gabat gelmändir.
«Gaçgak» (gaçyp barýan ýaragsyz, ýaralanan atly adam) şekillendirilen bölek tapylandan soň söweşde ýeňlen tarapyň wekilleriniň daşky görnüşini kesgitleýän subutnamalar alymlara mälim bolýar. Ýeňijileriň daşky keşbi bolsa häzirki döwre çenli anyklanylanok. Parfiýa patyşalygynyň dini merkezleriniň has wajyp binalarynyň birinde ýerleşen bu jähekde parfiýalylaryň haýsy hem bolsa bir möhüm ýeňşi görkezilen bolmaly diýen çaklama bar. Orta Aziýalý çarwalaryň haýsy hem bolsa bir topary bu söweşde olaryň garşysyna çykyş edýärler. Çep tarapyň ýeňlen atlylary saklaryň adaty geýimini geýipdirler. Öňi açyk, gysga penjek şol geýimiň häsiýetli aýratynlygydyr. Arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidi parfiýa esgerlerini uzyn, agajet adamlar diýip sypatlandyrypdyr. Antik taryhçysy Plutarh bolsa parfiýaly esgerleriň ussat, çalasyn söweşijilerdigini belläp geçipdir.
Bu täsin tapyndylar taryhy taýdan örän ähmiýetlidir. Olar öz döwrüniň galagoply hem ýowuz zamanasy barada bize çynlakaý gürrüň berýär. Bu şekillere seredeniňde, zaýalanyp galan bölejik sahna, gadymyýetiň ýaňy bolup, tutuşlygyna göz öňüňde janlanýar. Ata-babalarymyzyň mukaddes toprak, il-gün, Watan üçin ata atlanandyklary we jan aýaman söweşendikleri aýan görünýär. Gürrüňi edilen diwar suwagynyň şekillendiriş usuly, reňkleriň köpdürlüligi Aleksandr Makedonlynyň ellin medeniýetiniň täsirinde döredilipdir. Suratlaryň kim tarapyndan elli däl. Ýöne Parfiýa sungatynyň Beýik Aleksandryň ýörişlerinden başlap, bütin dünýä ýaýran jahangirlik aňyýetini dowam etdirenligi barada anyk aýtmak bolar.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda gadymy geçmişimizi öwrenmekde uly mümkinçilikler döredilýär. Şeýle uly mümkinçiliklerden peýdalanyp, Watanymyzyň gadymyýet syryny aýan etmekde türkmen we daşary ýurt alym arheologlary uly işleri bitirdiler we geljekde hem köp sanly işleri alyp bararlar.
Daýanç ANNAMYRADOW,
D.Azady adyndaky TMDDI-niň talyby.
Teswirler