Dünýäniň iň garry erkek adamy 112 ýaşynda aradan çykdy

Ispaniýada ýaşaýan we Ginnesiň rekordlar kitabyna görä dünýäniň iň garry erkek adamy Saturnino de la Fuerte Garcia 113 ýaşyna girmegine birnäçe gün galmagynda aradan çykdy. Bu baradaky habar dünýä mediýasynyň üns merkezinde boldy.

Saturnino de la Fuente Garsiýa 1909-njy ýylyň 11-nji fewralynda Ispaniýanyň Leon welaýatynyň Puente Kastro şäherinde dünýä indi. Ol özüniň ýaşlyk ýyllarynda boýunyň gysga bolmagy sebäpli 1936-njy ýylda başlanan Ispaniýanyň raýat urşunda harby bölümine çagyrylmandyr we 10 ýyla golaý özüniň köwüş dükanyny işledip gelipdir. Häzirki wagtda Garcia-nyň ýedi sany çagasy, on dört agtygy we 22 sany çowlugy bardyr.

Ginnesiň rekordlar kitabynyň maglumatlaryna görä, dünýäde iň uzak ýaşan adam 1997-nji ýylda 122 ýaşynda aradan çykan fransuz Jeanne Luiza Kalmentdir.

Alimämmet AÝMÄMMEDOW

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 1-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok