Baýramçylyk lybaslary

Dünýä ýurtlarynda şowhun-şagalaňa beslenýän Täze ýyl baýramynyň baş gahrymanlary bolan Aýazbabadyr Garpamygyň lybaslary her bir ýerde dürli-dürli görnüşe eýedir.

Mongoliýada Täze ýyl gahrymany gadymy lybas geýnen Padymandyr. Ol baýram güni dürli tüýli haýwanlaryň hamyndan tikilen ýörite lybasy geýýär we baýramçylyk ýerlerinde dürli milli oýunlar bilen çykyş edýär.

Afrika ýurtlarynda bellenilýän Täze ýylda bu baýramyň gahrymany haýsy lybas geýse-de, hökman onuň bir ýerinde žirafanyň hamyndan bir bölejik nyşan goýulýar. Munuň özi Täze ýyly garşy alýan ilatyň başynyň belent bolmagynyň arzuwly nyşanydyr.

Italiýada Täze ýyl şagalaňynda orta çykan Garpamygyň hökman bir köwşi gyzyl, bir köwşi-de ak bolýar. Olaryň düşünjesine görä, gyzyl köwüş geçilen ýol — köne ýyl, ak köwüş bolsa täze — geljek ýyl. Şonuň üçin Garpamyk baýramçylyk arzuwyny edeninde, hökman ak köwüşli aýagynyň, ýagny bir aýagynyň üstünde durup aýdýar.

Gyrgyzlarda mahmal desmalyna owadan ak ýelek ötürilen Garpamyk beýleki ýurtlaryň gahrymanlaryndan aýyl-saýyl saýlanýar. Bu dessur gyrgyzlarda ýene bir ýerde, ýagny durmuşa çykýan gyzyň toý gününde hem berjaý edilýär.

Birmadyr Laosda Täze ýyl 22-nji aprelde bellenilýär. Howanyň gyzgynlygy sebäpli Täze ýyl gahrymany ýukajyk zerbapdan tikilen öwüşginli lybasda bolýar. Iň täsin tarapy Täze ýyl gahrymanynyň sowallaryna takyk jogap berip bilenlere edil özüniňki ýaly lybas sowgat edýänligidir.

Gwineýa-Bisaulylar üçin Täze ýylyň şowhuny şeýle: ýurduň ýaşaýjylary ýyl çalyşýan güni topar-topar bolup dag gerişlerine tarap uzaýan jeňňelliklere gidýärler. Ol ýerde kim ilkinji bolup ýabany zebralary görse, şoňa öz ýaşaýan ýerinde Täze ýylyň gahrymanynyň keşbinde çykyş etmek we dürli sowgatlara eýe bolmak miýesser edýär.

Taýýarlan:
Aýşat Geldimyradowa,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş 
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok