Gadymy rimliler Täze ýyl martyň soňlarynda başlanýandyr öýdüp pikir edipdirler. Emma olaryň senenamasyny her imperator öz dowründe özüçe üýtgedip durupdyr. Wagtyň geçmegi bilen, senenama Gün ulgamyna dogry gelmän, üýtgäp ugrapdyr. Rim senaty senenamany belli bir tertibe salmak üçin, biziň eýýamymyzdan öňki 153-nji ýylda işe başlapdyr hem-de täze ýylyň 1-nji ýanwarda başlanýandygyny yglan edipdir. Emma senenamadaky bu üýtgeşmeler uzaga çekmändir. Ol Ýuliý Sezar döwrüne çenli, ýagny biziň eýýamymyzyň 46-njy ýylyna çenli dowam edipdir. Şeýlelikde, iň soňunda Ýuliýan senenamasy döräpdir. Bu senenamada hem 1-nji ýanwar täze ýylyň başlangyjy hökmünde kabul edilipdir.
Adatça, adamlar täze ýylyň gelmegini özleriniň nobatdaky etsem-goýsamlary üçin başlangyç hasap edýärler. Täze ýylela öz öňlerinde has köp zähmet çekmek, öňküden köp üstünlikleri gazanmak, dürli zyýanly endiklerden saplanmak… ýaly maksatlary goýýarlar.
Täze ýyl baýramçylygy, adatça, maşgala bolup bellenýär. Maşgalanyň agzybirligi hem-de bagty üçin arzuwlar aýdylýar. Täze ýylda uly şowlulyk getirýänligine ynanylýan yrymlar hem bardyr. Käbir medeniýetlerde geljek ýylyň nähili boljagy täze ýylda öýe ilkinji gelen myhmana bagly diýlip ynanylýar. Uzyn boýly, goýy reňkli saçly erkek adam öýe gelse, şol ýyl işiň şowuna bolýar diýlip hasap edilýär. Başga bir halkyň wekilleri bolsa, halka şekilindäki ir-iýmişleriň bagt getirjegine ynanýarlar. Baýramçylykda halka şekilli iýmitlerden goýýarlar, ýagny olaryň däbi boýunça halka öwrülişigi aňladýar.
Gülnabat SAPAROWA
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň talyby
Teswirler