“The Financial Times” Elon Musk-y “Ýylyň şahsyýeti” diýip yglan etdi

Iňlis ykdysady žurnaly bolan “The Financial Times” Tesla we SpaceX-iň baş direktory Elon Muskyň “ýylyň şahsyýeti” diýlip yglan etdi. Elektrik ulagy pudagyny ösdürmäge goşan goşandy üçin, “Time” žurnalyndan soňra “The Financial Times” hem Elon Musk-y bu derejä mynasyp gördi.

Global elektrik ulagynyň lideri hasaplanýan Tesla köp ýaş sarp edijileriň we awtoulag öndürijileriniň ünsüni elektrik ulaglaryna gönükdirmegi başardy. Häzirki wagtda aksiýalarynyň bahasy 1 trillion dollardan gowrak bolan Tesla kompaniýasy, Ford Motors we General Motors-yň bilelikdäki girdejisinden köpdür.

Aşyrow Yhlas

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 1-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok