Bedew atlar

* Ahalteke bedewi tutuş Ýer ýüzünde münüş atlarynyň iň gadymylarynyň biri hasaplanylýar. Bu atlaryň aňyrsy iki müň ýyl ozal Çyn-Maçynda (Hytaýda), Ýunanda (Gresiýada), Italiýada tanalýan eken.

*Adamyň ýüregi bir minutda ortaça 70, atyň ýüregi 35, piliň ýüregi 25, kitiň ýüregi 3 gezek urýar.

*At dik duran ýerinde uklap bilýän jandardyr. Atlar uklanda, olaryň dyzlary gulplanan ýaly, epilmezlik ukybyna eýedir. Bu hem olara uzak wagtlap aýak üstünde durmaga, hat-da uklamaga-da mümkinçilik berýär. Geçirilen barlaglar atlaryň aýak üstünde duranlarynda az güýç sarp edýändiklerini we özlerini has rahat duýýandyklaryny anyklady.

*At öz taýçanagyny müňlerçe taýçanagyň içinden saýlap bilýär.

*Atlaryň gözleri aýratynlykda hersi başga tarapa seredip bilýär. Bu bolsa olaryň daş-töweregini has giňden görmegine ýardam edýär. Atlar hiç hili emgenmän, öňündäki, yzyndaky we gapdalyndaky zatlary görüp bilýärler. Olaryň gözleriniň hersi 160-170 ölçeg-däki giňişligi görüp bilýärler. Şeýlelikde, olar jemi 320-340 ölçegdäki giňişligi görýär. Şeýle hem atlar geçjek ýerlerindäki päsgelçilikleriň uzaklygyny we bökjek ýerini aňsatlyk bilen «hasap-lap», şoňa görä hereket edýärler.

*Atlaryň adamlaryň ellerini we eşiklerini dişleridir dodaklary bilen çalaja dişlemekleri olaryň adamlar bilen degişmek we oýnamak isleýändikleriniň alamatydyr.

*Tizligi iň güýçli bolan at sekuntda 17 metr aralyga çapýar.

* Türkmen atlary iňlis münüş bedewleriniň tohumyny döretmäge çekilipdir. Şol tohumyň düýbüni tutan üç atyň biri 1702-nji ýylda doglan Darleý Aribian diýen ahalteke bedewi eken.

*General Kornilow dor türkmen atyny müner eken. General 1917-nji ýyldaky söweşleriň birinde gabawa düşeninde, türkmen bedewi ony halas edipdir. Generaly ot-ýalnyň içinden aman-sag alyp çykandygyna gözi ýetenden soň, agyr ýaralanan şol at duran ýerinden bir gapdala agyp jan beripdir.

*1935-nji ýylyň Aşgabat-Moskwa atly ýörişi üstünlikli tamamlanandan soň, şol ýörişde ýekeje aty hem ýitirmedik ýigitler Moskwada gowudan-gowy bedewleri, şol sanda ap-ak Arap bilen hem hoşlaşdylar, göni on ýyldan soň marşal Žukow şol bedewde ýeňiş paradyny kabul etdi.

*Häzirki wagtda dünýäde adam eli bilen uýgunlaşdyrylan 250-den gowrak atyň görnüşi bar. Atlaryň ähli görnüşleriniň içinde has gowy jynsy hasaplanýan türkmeniň ahalteke atlarydyr.

Maglumatlary toplan:
Gülnabat SAPAROWA

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok