Ýurdumyzyň çäklerinde üzümçiligiň taryhy ösüşi hem-de ösdürilişi hakynda hormatly Prezidentimiziň «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabynda gyzykly maglumatlar bar. Ylmy derňewlerimiz bilen bagly anyk netijeleri beýan etmezden öňinçä, şol maglumatlara yzygiderlilikde salgylanmagy makul hasap edýäris, şeýle-de ady agzalan işiň ylmy işimizde ygtybarly çeşme bolandygyny aýratyn bellemekçi.
Gadym döwürlerden bäri Türkmenistanyň daglarynda we dag etegindäki sebitlerinde üzümiň ýabany görnüşleň ösýär. Adamlar olary üzümiň ýerli medeni sortlaryny ýetişdirmek üçin ulanypdyrlar. Ýerli üzümçiligiň örän gadymylygy barada ýeterlik ylmy subutnamalar bar. Namazgadepede, Kakanyň golaýynda üzüm çigitleri tapyldy. Olaryň köp bolmagy üzümiň medeni ösümlik hökmünde ulanylýandygyna şaýatlyk edýär. Mary welaýatynda tapylan küýze önümlerinde üzüm şahajyklary we salkymlary şekillendirilipdir.
Gadymy awtorlaryň işlerinde Parfiýanyň täsin üzüm baglary baradaky maglumatlar saklanyp galypdyr. Parfiýada üzümçilik we çakyr önümçiligi giňden ösdürilipdir. Köne Nusaýda — Parfiýa şalarynyň köşklerinde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde çakyr saklamak üçin ulanylan uly toýun humlaryň 500-e golaýynyň bölekleri tapyldy.
Meşhur Parfiýa ritonlary suw içmek üçin ulanylmandyr-da, diňe dini äheňli dabaralarda içgileri içmek üçin hyzmat edipdir. Baryp gadymy Marguşda dörän otlaryň aýratyn görnüşlerinden taýýarlanylýan soma — haoma dini äheňli içgini içmek dessury kämilleşip, onuň ýerine üzüm gelipdir.
Änewde tapylan keramiki gaplaryň ýüzüne salkymlardan we üzümiň murtlaryndan edilen nagyşlar we täze Nusaýda humlar hem-de ritonlaryň tapylmagy şol döwürde Türkmenistanyň arazasynda üzümçiligiň gülläp ösendigine şaýatlyk edýär. Galyberse-de, biziň eýýamymyzdan ozalky II asyrda Nusaý okrugynda ýerli çakyr işläp çykarmagyň şübhesiz bolandygyna ylmy subutnamalar bar. Jemgyýetçilik—ykdysady ýagdaýlarda bolup geçen özgerişler ekerançylyga-da täsir etdi.
Türkmen çakyrçylary ata-babalarymyzyň syrlaryny ýatdan çykarmandyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda çakyr önümçiligi hil taýdan täze derejä ýetdi.
Türkmenistanda üzüm sortlarynyň ençemesi ekilýär. Şol üzüm sortlary daşky gurluşyna, tagamyna, reňkine hem-de ösýän ýeri bilen baglanyşykly dürlüçe atlandyrylýar.
Üzüm — bu görnüşdäki miwäniň ähli görnüşlerini aňlatmak üçin ulanylýan söz. Türki dillerde üzüm sözi dürlüçe ulanylýar. Özbek dilinde tok, gazak dilinde žüzüm, azerbaýjança üzüm ýaly ulanylýar. Türkişynas alymlaryň işlerinde üzüm sözüniň gelip çykyşy dogrusynda dürli garaýyşlar öňe sürülýär. Dilçi alym S.Atanyýazowyň «Türkmen diliniň sözköki sözlüginde» şeýle netijä gelinýär: «Üzüm — süýji miwäniň ady bolan bu söz «üzmek» işliginiň üz kökünden we üm goşulmasyndan ybarat bolup, üzümiň hoşadan ýeke-ýekeden üzülip, ýolnup iýilýändigi bilen baglydyr.
W.W.Radlow ýeke-ýekeden ýolnup iýilýän ownuk miweleriň bimäçesine, meselem, ülje, garamyk, alyç, ýemşen, smorodina ýaly ösümlikleriň iýmişine-de üzüm diýilýändigini belleýär. Üzüm sözi izýum görnüşinde rus we ýewropa dillerine-de geçipdir».
Ak üzüm — üzümiň naharhana sorty, onuň miwesi orta ululykda togalak, reňki sarymtyl ýaşyl bolýar. Terligine iýilýär hem-de kişmiş etmek üçin ulanylýar. Bu üzümiň ady onuň reňkini alamatlandyrýar. Ak üzüm, esasan, Türkmenistanyň territoriýasynda ösdürilip ýetişdirilýär.
Ak halyly — üzümiň ir ýetişýän naharhana sorty. Halylynyň mesgeni Eýran hasaplanýar. Üzümiň bu sorty Orta Aziýa halklarynda hem-de Marokkoda, Kaliforniýada ösdürilip ýetişdirilyär. Miwesi süýnmek, sarymtyl-ýaşyl reňkde bolýar. Bu üzümiň adynyň öňünden onuň reňkini alamatlandyrýan ak sözi getirilipdir.
Gyzyl hurmaýy — ir ýetişýän üzümiň naharhana sorty. Türkmenistanyň, Özbegistanyň arazasynda duş gelýär. Miwesi iri, gyzyl reňkde, terligine iýilýär hem-de gyşa goýulýar. Üzüm ilki düwende hurmalaýar, bu üzümiň ady hem «hurmalamak» sözünden gelip çykandyr diýen netijä gelmek bolýar.
Terbaş (ýyrtyk ýaprak) — Türkmenistanda iň köp ekilýän ýerli sortdur. Onuň bäş penjeli, tüýsüz, ýaldyrawuk we garamtyl gök reňkde ýapraklary bolýar. Üzümi ortaça ululykda, togalak we agymtyl-gök reňkde bolýar.
Üzüm atlary üzümiň haýsy-da bolsa bir alamatyna, ýagny üzümiň daşky gurluşyna, reňkine, miwesiniň gatylygyna-ýumşaklygyna, tagamyna, ýetişýän wagty, ösýän ýeri bilen bagly atlandyrylýar. Terbaş üzümi gabygynyň galyňlygy, miwesiniň kibirdewikligi, etlekligi bilen häsiýetlenýär.
Terbaş üzümiň bu sorty iki sözden ter we baş sözleriniň utgaşmagyndan emele gelipdir. Ylmy edebiýatlarda ter sözüniň myssyk däl, suwly, gaty ýaly manylarynyň bardygy bellenilýär, baş sözüniň bolsa birnäçe özbaşdak manysynyň bardygy görkezilýär.
Terbaş sözüniň ikinji bölegindäki baş sözi şu ýerde «käbir medeni ösümlikleriň däneli hanasy» diýen manysyna gabat gelýär.
Bu sözleriň birikmegi netijesinde bolsa, ter miweli üzüm salkymy diýen manyny berýän sözüň ýasalandygy mälim bolýar.
BAÝRAMOW Merdanmuhammet
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 1-nji ýyl talyby
Teswirler