Häzirki wagtda durmuşymyzyň möhüm bölegine öwrülen enjamlaryň hemmesi diýen ýaly işlemek üçin energiýa gerek. Durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen kompýuterler, telewizorlar, telefonlar, awtoulaglar, mikrotolkunly peçler we başga-da köp enjamlar diňe energiýa bilen üpjün edenimizde durmuşymyzy aňsatlaşdyrýar.
Elektrik energiýasy gündelik durmuşymyzda möhüm orny eýeleýän hem bolsa, energiýany diňe elektrik diýip hasaplamak dogry däl. Onda şeýle möhüm bolan energiýa hakda nämeleri bilmeli? Geliň öwreneliň!
Energiýa bu grekçeden terjime edilende “hereket, iş, güýç, kuwwat” diýen manyny berýär. Energiýa – materiýanyň hereket etmeginiň we özara täsirlenmeginiň dürli formalarynyň, şeýle hem onuň hereketiniň bir formadan başga bir forma geçmeginiň ýeke-täk ölçegi bolup durýan skalýar fiziki ululykdyr.
Energiýanyň häzirki wagtda mehaniki, elektrik, ýadro, himiki, magnit, ýylylyk, ýagtylyk, ses ýaly görnüşleri bardyr.
Energiýanyň dürli görnüşleri bolansoň, energiýany ölçemek üçin ulanylýan birlikler hem dürli-dürlidir. Energiýa üçin umumy ölçeg birlikleri, adatça nirede ulanylýandygyna baglylykda dürli usullar bilen ölçelýär. Meselem olaryň: newton metr, joul, kaloriýa, iňlis ölçeg birligi “British Thermal Unit”, waat sagat, elektronwolt ýaly görnüşleri bardyr.
Laçyn GURBANMYRADOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we
gaz uniwersitetiniň Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň “Elektrik üpjünçiligi we awtomatika”
kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler