Türkmen türgenleri sambo boýunça dünýä çempionatynyň jemleýji gününde iki bürünç medal gazandy

Türkmen türgenleri Daşkentde geçirilen sambo boýunça dünýä çempionatynyň jemleýji gününde iki bürünç medal gazandy. Dünýä çempionaty 11-14-nji noýabr aralygynda geçirildi. Ýaryşyň maksatnamasyna sport we söweş sambosy girizildi.

Söweş sambosy boýunça bürünç medala Abdylla Babaýew (71 kg çenli) we Rüstem Penjiýew (79 kg çenli) mynasyp boldy.

Dünýä çempionatynyň medal sanawynda birinji orny Russiýanyň ýygyndysy eýeledi. Rus topary sekiz altyn, alty kümüş we dört bürünç medal gazandy. Ikinji ýeri Özbegistanyň ýygyndysy (3-5-3), üçünji orny Belaruslylar (3-0-5) eýeledi. Bäsleşigiň netijelerine görä, türkmen türgenleri 3 bürünç medal gazandy.

Sambo boýunça dünýä çempionaty 1973-nji ýyldan bäri geçirilýär. Indiki dünýä çempionaty 2022-nji ýylda Aşgabatda geçiriler.

Serdar Babaýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok