Çagalar üçin täze sahna eseri taýýarlanylýar

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary tarapyndan ýazyjy Sergeý Mihalkowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Gopbam Towşanjyk» («Заяц-зазнайка») atly täze pýesanyň gahrymanlary gürrüň berýärler.

Spektakl üç dostuň — towşanyň, horazyň we geçiniň ýaşaýan tokaýynda bolup geçýär. Günlerde bir gün towşanyň eline ýarag düşýär we ol öwünjeňlik bilen dostlarynyň ýanynda özüni gopbam alyp barýar. Ertekide tokaý gyrymsylygynyň gözelligini goraýan tokaýyň gözegçisiniň özüne çekiji keşbi hem hereket edýär. Ýaş tomaşaçylar gulajyklary keýerýän öwünjeňje towşanjygyň başdangeçirmeleriniň dowamyny gurjak teatrynyň sahnasynda ýerine ýetiriljek spektakla tomaşa etmek bilen görüp bilerler.

Teatryň sahnalaşdyrýan eserleri, esasan, ýaş tomaşaçylara niýetlenendir. Repertuarda 40-dan gowrak çykyş bar we häzirki zaman toplumynyň uly zalynda 300 çaga, kiçi zalynda bolsa 200 çaga tomaşa edip bilýär.

Türkmen döwlet gurjak teatry ýurtda gurjakly oýunlary tomaşaçylara ýetirýän ýeke-täk teatrdyr.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok