Guşlaryň täsin dünýäsi

Çygly klimatly sebitleriň gür tokaýlyklarynda duşýan täsin jennet guşlary ganatlaryny ýaýanlarynda özboluşly ýylgyryşy ýada salýan ajaýyp şekili emele getirýärler.

Çepbekeýlik we saglakaýlyk totyguşlaryň arasynda hem duşýar. Bu täsin ýagdaý olaryň iýmiti sag ýa-da çep aýagynyň dyrnaklary bilen tutmaklary bilen bagly bolup durýar.

Laçynlaryň ählisi göüýärler, emma käbirisi diňe gyşlamak üçin, käbirisi möwsümleýin, käbir görnüşleri bolsa elmydama göçüş edýärler.

Kepderiler örän wepaly jandardyrlar. Bir kepderi jübüti özüniň ýigrimi ýyllyk tutuş ömrüniň dowamynda bir-birine baglydyrlar.

Ähli guşlaryň arasynda iň ýyrtyjysy – laçynlardyr.

Bürgüdiň gözi iki gabak bilen gurşalan bolup, birinji gabak onuň gözlerini howa akymlaryndan we ýyrtyjy howplardan goraýar. Ikinji dykyz gabak bolsa uky wagtynda gözlerini ýummakda zerurdyr.

Kazuar guşlarynyň diňe erkegi nesil hakda alada edýär.

Iň kiçi guş bolan kolibri guşunyň ýelek örtügi üýtgäp durýanlygy bilen özüne çekijidir. Dürli tarapa uçuş edip bilýän bu guşlarda ýelek örtüginiň reňki onuň uçuş edýän tarapyna görä üýtgeýär.

Demirgazyk deňiz guşy bolan kaýra guşy awynyň yzyndan kowup ýetmek üçin 180 metr çuňluga çenli çümmäge ukyplydyr.

Täze Zelandiýada duşýan keýa totyguşlary diňe bir ösümlik tohumlaryny, ir-iýmişleri iýmän, eýsem ölen guzy hem-de goýun etini hem iýýärler.

Baýguşlaryň gulaklary assimetriki ýagdaýda ýerleşendir.

Guwlar suw guşlarynyň arasynda iň ululary hasaplanylýar. Onuň agramy 15-17 kg çenli bolup, ganatynyň uzynlygy 2 metrdir. Ýelekleriniň reňki diňe ak reňkde däl-de, gara, çal reňkde hem bolup bilýär.

Balykçy jüptünler sagatda 80km tizlik bilen uçmaga ukyplydyrlar.

Durnalar örän akylly guşlardyr. Uçanlarynda toýnuk gurap geçýän durnalaryň şeýle uçuşy köp wagtlap gyzyklandyryp gelipdir. Geçirilen barlaglar, güýçli durnalaryň öňde, ejiz durnalaryň bolsa yz bölekde uçýandygy anyklandy.

Albatroslar Günorta ýarym şaryň ýaşaýjylarydyr. Olar bu bölegiň iňňän sowuk sebitlerinde hem duş gelýärler.

Çaýçaňňalak guşlarynda höwürtge gurmaklyga diňä erkek guşlar gatnaşýar. Nesil hakda bolsa ikisi-de alada edýärler.

Gargalaryň görüş ýady örän güýçlidir. Geň ýeri, olar özlerine zyýan berenleri unutmaýarlar. Mysal üçin, Amerikada bolup geçen şeýle hadysada 50 km aralykdaky atylan gargalar üçin beýleki gargalar awçylara hüjüm edipdirler.

Togdarylar örän sessiz guşlardyr. Olaryň sesini diňe ene togdary çagalaryny çagyranda eşidilýär.

Flamingo guşlarynyň işdäsi diýseň gowudyr, olar adatça günüň dowamynda öz agramynyň dörtden birine çenli iýmit iýýärler.

Gara garga şol bir adamy islendik eşikde hem tanamaga ukyplydyr.

Uzynganatlylar täsin aerodinamiki häsiýete eýedir. Ýagny olar uçuş wagtynda bir ganatyny beýleki ganatyna görä çalt ýa-da haýal hereketlendirmäge ukyplydyr, bu ýagdaý olara uçuşyň islendik wagtynda öwrüm etmäge ýardam berýär.

Soltanjemal HUDAÝBERDIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok