Türkmen halky gadymy halk. Ata-babalarymyz durmuşda her zadyň takyk hasabyny yzygiderli ýöredipdirler. Ölçeg birlikleri hem-de olar baradaky maglumatlar anyk ýöredilipdir, bu durmuşda zerur hasaplanylypdyr. Pederlerimiz geçmişde şol maglumatlaryň kömegi bilen islendik zadyň hümmetini, möçberini, ululygyny-kiçiligini, uzynlygyny-gysgalygyny agramyny we beýleki sypatlaryny takyklapdyrlar.
PUL BIRLIKLERI
Türkmen halkynyň ençeme asyrlar bitewi döwlet gurmagyň zaryny çekip gelendigi zerarly, onuň ulanan pul birlikleriniň ençemesi goňşy döwletleriň pul birliklerine barabar (ýakyn, golaý) bolupdyr. Gadymy birlikleri agram (massa) birlikleri bilen berk baglanyşypdyr, ýagny her bir puluň (metaldan ýasalan pul) özüne mahsus agramy bolupdyr.
Ilkinji nobatda, agram we pul birlikleriniň gabat gelme häsiýetlerine eýeligini bellemek gerek. Bu gabat gelme agram birlikleriniň gadym zamanlarda gymmat daşlaryň agramy ölçenende ýüze çykypdyr.
Irki zamanlarda ata-babalarymyzyň ulanan dirhem, dinar, apbasy, gyran, tümen… ýaly birliklerini aňladýan sözleriň hersi bir taryhy waka bilen baglanyşykly döräpdir. Ýeri gelende aýtsak, ýokarda atlandyrylan pul birlikleri türkmen halkynyň arasynda diňe haryt alyş-çalyş etmekde ulanylýan pul-manat hökmünde däl, eýsem, gyz-gelinleriň bezeg şaýlary görnüşinde-de meşhurlyga eýe bolupdyrlar. Munuň şeýledigine türkmen nusgawy edebiýatynyň läheňleri Magtymgulynyň, Mollanepesiň, Keminäniň, Zeliliniň, Seýdiniň goşgularyny okanyňda hem göz ýetirmek kyn däl.
Dirhem musulman ýurtlarynda barypha Parfiýa şalygy döwründe Merwde bürünçden zikgelenipdir. Olary ýörite «P» belgisi bilen häsiýetlendiripdirler. Şol döwürde zikgelenen bürünç dirhemler bitewi (umumy) döwletlerde zikgelenýän kümüş dirhemler bilen bir hatarda durupdyr.
XII asyrda Türkmenistanyň arazasynda (çäginde) kümüş dirhemler zikgelenipdir. Soňra kümüş metalyň gytalmagy bilen şaýylyklar diňe misden zikgelenipdir. XII asyryň birinji ýarymynda Türkmenistanda, köplenç, ikigat dirhem ulanylypdyr. Olaryň agramy 3,42-den 3,7 grama çenli bolupdyr. Mundan başga üç gat dirhemler (agramy 5,21— 6,3 gram) we alty dirhemden ybarat kümüş dinarlary ulanypdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen dirhemiň agramy kem-kemden azalypdyr. Merwde zikgele-nen dirhemleriň agramy 1,42—3,04 gram bolupdyr.
Dinar — ownuk şaýy pul XI—XII asyrlarda Merwde altyn çaýylan dinarlar we kümüş dinarlar zikgelenipdir. Düzüminde 10 göterim altyny (kümüş we altyn erginli) bar bolan pullar Alp Arslan döwründe zikgelenipdir.
Dinar — gadymy Rimde kümüş ýa-da altyn pul, Yrakda we Tunisde pul birligi.
Altyn dinarlaryň agramy 3,02—4,44 grama çenli, kiçi dinarlaryň agramy 2,47—5,22 gram, kümüş dinaryň agramy 2,13—5,13 grama deň bolupdyr. Ykdysady gatnaşyklaryň ösmegi bilen şaýylyk zikgelenýän galalaryň sany köpelýär, şonuň üçin şaýylyk pullaryň agramy-da dürli bolmagynda galýardy. Merwde, esasan, kümüş we örän seýrek ýagdaýda altyn dinarlar we köp sanly mis dinarlar zikgelenipdir.
Zikgelenýän kümüş dirhem agramy boýunça altyn dinaryň ondan bir bölegine deň hasaplanylypdyr.
Ýigrimi mis dinar kümşüň bir mysgalyna deň bolupdyr.
Akja — türkmenleriň yslamdan öňki altyn hem kümüş pul birligi. Bu pul birliginiň ady dessanlarymyzda köp duş gelýär.
Teňňe — gadymy türkmen pul birligi. Teňňe «taň» sözünden bolup, ol «Taňry» manysyny berýär. Teňňe — bu Taňyňkydygyny (Taňrynyňkydygyny) aňladýar.
Apbasy — 1587—1627-nji ýyllarda höküm süren Eýran şasy Apbas I-iň adyna çykarylan kümüş pul birligidir. Apbasy pul birliginiň agramy 7,7 gram bolupdyr. Apbasy dört sany mis şaýy puluna deňdir. Wagtyň geçmegi bilen apbasynyň agramy kemelip, 1736-njy ýyla çenli 4,66 grama getirilipdir.
XIX asyryň ortalarynda Hywa hanlygynda agramy 0,75 grama deň bolan kiçijik kümüş pullar — şaýy pul çykarylypdyr. Olar ilkibaşda «şahy» diýlip atlandyrylyp, soňra şaýa öwrülipdir.
Gyran — Eýranyň kümüş pul birliginiň ady bolup, ol tümeniň ondan bir bölegini aňladypdyr.
Tümen — hümmeti on grama deň bolan pul birligi. Tümen ilkibaşda türki sözi bolup, ol «örän köp» diýen manyny aňladypdyr. Soň-soňlar ol mongollara geçipdir we «on müň» diýen mana eýe bolupdyr.
Pul birligi hökmünde tümen mongol hökümdarlygy wagtynda on müň kümüş dinardan ybarat bolupdyr. Şeýle hem tümen ownuk dirhemleriň altmyş müňüne barabar eken. Wagtyň geçmegi bilen tümen has ownap, XVIII asyryň aýaklarynda Eýranda on gyrana ýa-da on müň dinara barabar bolan bir teňňelik — altyn teňňe zikgelenipdir. Onuň agramy 1879-njy ýyla çenli 3,22 gram, has soňrak bolsa 2,69 gram altyna deň bolupdyr.
Türkmen halkynyň kümüşçi ussalary gyrany gelin-gyzlar üçin şaý-sep ýasamakda ulanypdyrlar. Gelin-gyzlaryň öňapbasylary, saçujulary hem-de beýleki şaýlary arassa kümüş gyrandan ýasalypdyr.
XVI asyrda ähli kümüş pullar iki topara bölünip, köne we täze teňňeler diýen ada eýe bolýar. Köne teňňe täze teňňäniň dokuz bölegine deň bolupdyr. 1993-nji ýylda türkmeniň milli teňňesi çykaryldy. Onuň 100 teňňesi bir türkmen manadyna deň.
Şirmyrat ÇARYMOW
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär mekdebiniň mugallymy
Teswirler