Käbir ýarganatlar ösümligiň şiresi bilen iýmitlenýärler. Muny bolsa şol
ösümlikler öz haýryna, ýagny tozanlanmak üçin peýdalanýarlar. Emma garaňky, gürtokaýda şol ösümligi nädip tapjak, görüş ukyplary pes bolan ýarganatlara bu iş nähili kyn düşýärkä? Ýöne ýarganatlaryn görüş ukyby gaty pes hem bolsa, olarda ultrases goýbermek ukyby bardyr. Olar şonuň kömegi bilen hem garaňkylykda, islendik gür tokaýlarda hiç bir zada degmän, gaty çakgan hereket edip bilýärler. Muny bolsa «markgrawiýa» maşgalasyndan bolan «Markgrawia ewenia» ösümligi bilýän ýaly, ýapraklaryny tarelka meňzedip ösýär, ol bolsa ýarganatyň
goýberýän ultrasesini gowy yzyna serpikdirip, özüniň nirededigini olara habar berýär.
Ähli oňurgasyzlaryň arasynda osminoglar iň akyllysy hasap edilýär, olar
hatda käbir oňurgaly haýwanlardan hem akylly görünýärler. Mysal üçin, olar geometrik figuralary tapawutlandyryp bilýärler, özlerine iýmit berýän adamlara uýgunlaşýarlar, eldekileşýärler. Osminoglar öz ýaşaýan ýerini arassa saklaýarlar, suw akymyny döredip, öz ýerini «sübseleýär» we gerekmejek zatlary öz ýaşaýan ýeriniň çäginden çykarýarlar.
*Tebigatda dürli hili janly organizmleriň arasynda ýyrtyjylaryň hüjüminden goranmak üçin özüni öli ýaly edip görkezmäge ukyplylary hem bar. Olaryň içinde has meşhury «opossum» diýen jandardyr, bu jandar howp duýan dessine gözüni we agzyny açyp, gapdalyna ýatyp goýberýär. Ondan başga-da, ýakymsyz ys çykarýar. Ýöne käbir jandarlar ölen ýaly bolup ýatmagy başga maksat üçin, ýagny öz awuny awlamak üçin ulanýarlar. «Haplochromis livingston» balyklary öz tenini ölen balyklar-da peýda bolýan tegmillere meňzeş tegmiller bilen örtüp, suwuň düýbünde ýatýar we ownuk balyklara garaşýar. Haçan-da, olar onuň töwereginde peýda bolanlarynda, ol birden «janlanýar» hem-de olary awlaýar.
Diňe Gawaý adalarynda ýaşaýan «Theridion grellator» möýüň bir görnüşiniň teniniň üst reňkleri gaty üýtgeşikdir. Ol üýtgeşiklik, esasan, onuň ýylgyrýan adama meňzeşligi bilen özboluşlydyr, özem bu görnüşli möýleriň her biriniň reňkleri beýleki biriniňkä meňzeýän däldir. Şeýle görnüş olaryň ýeke-täk duşmany bolan guşlary gorkuzmak üçin gerekdir diýlip çaklanylýar. Ýöne soologlaryň beýleki birleri bolsa möýleriň, adatça, gündizlerine gizlenip ýatýandygyna, dine gijelerine awa çykýandyklaryna salgylanmak bilen bu pikiri ret edýärler.
Baýguşlar käte öz höwürtgelerinde kiçijik ýylany getirip ýaşadýarlar. Olar
baýguşuň öz çagalary üçin getirýän iýmitini paýlaşýan mugthor ownuk mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Netijede, baýguş çagalary özlerine berilýän iýmiti hiç kim bilen paýlaşmaly bolmaýar, mundan bolsa olar çalt ulalýarlar we hiç kesellemeýärler.
* Biziň üçin adaty bolan duýgy organlaryndan başga-da, ähli balyklarda ýene bir duýuş organy bardyr. Ol olaryň agzynyň gapdalyndaky deşikden başlap, tä guýrugynyň düýbüne çenli dowam edýär. Oňa «gapdal çyzyk» diýilýär. Ol organ balyklara töwerekdäki suwuň titremesini duýmaga ýardam edýär. Şonuň kömegi bilen islendik balyk sürüsi, edil buýruk berlen ýaly, birden hereket edip bilýär. Akula, skat we himer görnüşli balyklarda bolsa ýene bir duýgy bardyr. Ol duýgy olara suwasty dünýäsiniň jandarlarynyň dem alyş myşsalarynyň we ýüregiň işleýşi bilen baglanyşykly döreýän elektrik meýdanyny duýmaga ýardam edýär. Şeýdip, olar gizlenip ýatan ýerlerinden hem awlarynyň nirededigini bilýärler.
* Mozambigiň we Madagasgaryň ýaşaýjylary gadym döwürlerden bäri deňiz pyşbagalaryny ýapyşak balygyň kömegi bilen awlap gelýärler. Ýapyşak balygyň guýrugyndan ýüp daňyp, ony suwda görlen deňiz pyşbagasynyň ýanyna oklaýarlar. Tizdenem, ýapyşak balyk awyny görýär we oňa ýapyşýar. Eger deňiz pyşbagasy bijaý uly bolsa, onda ýapyşak balygyň birnäçesini şol usul bilen oklaýarlar, çünki ýapyşak balygyň her biri suwda 30 kilogram agyrlygy götermäge ukyplydyr. Ýapyşak balyk islendik awynyň islendik ýerine agyz urup, ony sorup başlaýar.
* Haýwanlaryň arasynda hem zähmet gurallaryndan peýdalanyp bilmegi başarýanlary bar. Munda süýdemdirijiler öňdeligi eýeleýärler.
Mysal üçin, şimpanze ujy ýiteldilen taýak bilen aw edip bilýär, hozy daşyň üstünde goýup, ony daş bilen urup döwmegi başarýar. Gorilla taýagy suwa sokup görüp, suwuň çuňlugyny ölçeýär. Guşlaram olardan galarly däl: maslykçy çüňki bilen daş getirip, ony düýeguşuň ýumurtgasyny ýarmak üçin onuň üstüne oklaýar. Bürgüt uly süňki döwmek üçin ony has ýokary alyp çykýar-da, daşyň üstüne taşlaýar. Ol böleklenen çüňküň ýiligini iýýär, bokurdagyna sygarýaly bölegini bolsa lak-luk atýar.
* Aziýa ýurtlarynda uçýan ýylana hem gabat gelmek mümkin. Olar daragtlaryň depesine uçup çykýarlar. Şol ýerdenem düýrlenip, ýere — awynyň üstüne özlerini oklaýarlar. Olaryň käbir görnüşleri 100 metre çenli aralygy uçup geçip bilýär.
Kambala balyklarynyň liçinkalary adaty balyklar ýaly, gerşini ýokary edip
ýüzüp ýörýärler, olaryň gözleri bolsa kellesiniň iki tarapynda ýerleşendir.
Soňra olar ösüşiniň dowamynda suwuň has çuň gatlaklaryna çümýärler we
suwuň düýbüne baryp ýatýarlar. Şonda olaryň dine bir tarapy yzygiderli ösüp başlaýar, şol ösüş mahalynda onuň beýleki tarapdaky gözi hem ösýän tarapa geçýär. Şol wagta çenli kambalanyň paklawugy doly ýitýär.
Bal arylarynyň nirede bal ýygnandygyny görkezýän guşlar hem bar. Olar bal arylarynyň ýasaýan mumuny iýmegi gaty gowy görýärler, ýöne olar ary ketegine golaýlaşybam bilmeýärler. Şonuň üçin olar bu işi başarýan adamlary ýa-da beýleki bal iýýän jandarlary «kömege» çagyrýarlar. Olar adamyň ýa-da bal iýýän jandaryň ýanyna barýarlar-da, özüni her hili alyp baryp, öz yzyna düşmegiň gerekdigini «düşündirýärler». Şeýdip, olara arynyň bal ýygnan ketegini görkezýärler. Adam bal arysynyň balyny alyp gidensoň, olara galdyrylan muma barmaga giň «ýol» açylýar.
Goçmyrat SÄHEDOW
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär mekdebiniň mugallymy
Teswirler