Haýwanat dünýäsiniň täsinlikleri

  • Hameleonyň gözleri bir birine bagly bolmadyk ýagdaýda hereket edýär, şonuň üçinem olar bir wagtda iki tarapa seredip bilýär.
  • “Agaç gurbagasy” ösümlikleriň arasynda özüni gizlemek üçin gözüniň reňkini üýtgedýär.
  • Çybynlary kowmak üçin sarymsagy ulanyp bolýar.
  • Içýanlary üç hepdeläp doňduryp saklap, soňam doňuny açsaň ýenede ýaşamagyny dowam edýär. Bu haýwanyň ýene bir aýratynlygy adamyň çydamly radiasiýasyndan derejesi 200 esse güýçli bolan radiasiýa çydamlydyr.
  • Içýanlar ultramelewşe şöhlede ýagty saçýarlar.
  • Käwagt goraýjy sary garynjalar (termit) hinini goranlarynda döreýän kynçylaga çydaman ýarylyp bilýärler.
  • Möýler aç bolmasalar hem ätiýaçlyk üçin mör-möjekleri awlaýarlar.
  • Içýanlar bir ýyllyp iýmitlenmän ýaşap bilýärler.
  • Begemotyň hamynyň galyňlygy 4 santimetr bolup, ol adamyňkydan 8 esse galyňdyr.
  • Bizi diňe urkaçy çybynlar çakýandyr. Sebäbi olara ýumurtga taşlamak üçin belok gerek bolýar. Erkek çybynlar gülleriň nektary bilen iýmitlenýärler.
  • Syçanlaryň aşaky dişleri örän tiz ösýär. Dişler ösüp agzyny sanjyp geçmez ýaly syçanlar mydama birzatlar gemirýärler.
  • Pingwinler süýji suwlary içmeýärler – olar deňiz suwynyň duzuny aýyryp bilýärler. Olarda suwyň düzüminden duzy aýyrýan ýörite mäzler bar.

Toplan:
Gülnabat SAPAROWA
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok