TENDER

Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyny abadanlaşdyrmak boýunça bäsleşik yglan edildi.

Aşgabat şäher häkimligi Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyny abadanlaşdyrmak boýunça bäsleşik yglan edýär. Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Aşgabat şäher häkimliginiň senagat, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň işini utgaşdyryjy bölüminde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2021-nji ýylyň 27-nji noýabryna çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 17-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 92-67-00.

Suw geçiriji ulgamy gurmak üçin potratçyny saýlap-seçip almak boýunça bäsleşik yglan edildi.

Aşgabat şäher häkimligi Gämi şäherçesiniň demirgazyk tarapynda ýerleşýän suw arassalaýjy desgadan şäheriň 11-nji kiçi etrapçasynyň günorta-gündogarynda ýerleşýän «Gündogar» ätiýaçlyk suw howuzlar toplumyna çenli suw geçiriji ulgamy gurmak üçin potratçyny saýlap-seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýüztutmalary 2021-nji ýylyň 17-nji noýabryna çenli kabul edilýär. Töleg hasaplaşygy işler ýerine ýetirilenden soň geçiriler.

Bäsleşik şu ýylyň 24-nji noýabrynda geçirilýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary şäher häkimliginden alyp bilersiňiz.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 17-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 92-56-24.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok