“Aýgytly ädim” filminiň Aýnasy 75 ýaşady

“Şu gün meşhur kinoaktrisa, balet tansçysy, mugallym, Türkmenistanyň at gazanan artisti, Russiýa Federasiýasynyň sungatda at gazanan işgäri, professor Žanna Leonidowna Smelýanskaýa 75 ýaşyny doldurdy” diýip turkmenportal internet habar saýty belläp geçýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Žanna Leonidowna, Berdi Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim” romanyna esaslanyp, Alty Garlyýewiň “Aýgytly ädim” filmindäki Aýnanyň keşbi bilen giň tomaşaçylar köpçüliginiň söýgüsini gazandy.

Saýtda habar berilmegine görä, onuň özi hem ykbalynda bu filmiň we režissýor Alty Garlyýewiň yzyny ýakym bilen ýatlaýar. Žanna Smelýanskaýa ertir Moskwa şäherinde başlanjak VI halkara sungat festiwalynyň açylyş dabarasynyň hem hormatly myhmany bolar. Dabarada Nury Halmämmedowyň bu filmde ýaňlanan eserleri hem ýerine ýetiriler.

Gülnabat SAPAROWA
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok