Dünýäniň pandemiýa bilen göreşýän şu günlerinde ýokanç kesellerden goranmak üçin dogry iýmitlenmek we sport bilen yzgiderli meşgullanmak derwaýys mesele bolup durýar. Sagdyn durmuş ýörelgeleri barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti ýaşlara wagyz nesihat çäreleri geçirýär.
Aşgabatly ýaşlar paýtagtymyzda ýerleşýän “Maşgala” türgenleşik merkezinde Sambo boýunça dünýä çempionlary bolan Gülbadam Babamuradowa, Ylýas Mömünow we Ruşana Nurjawowa bilen duşuşdylar.
Gülbadam, Ylýas we Ruşana ýaşlar bilen duşuşygyň dowamynda öz sport äleminde geçen ýollary, gazanan üstünlikleri we sportuň adam bedenine şeýle-de saglygyna edýän täsirleri barada gürrüň berdiler. Ussatlaryň görkezme çykyşlar boldy.
Ruşana Nurjawowa beden taýdan sagdyn bolmak üçin, dogry iýmetlenmäge çagyrdy.
Ylýas Mömünow sport diýmegiň diňe bir fiziki güýje daýanmak däl-de, eýsem psihiki durnuklylygy hem berjaý etmelidigini belläp geçdi. Şeýle hem ol sambo sportunyň köçe üçin niýetlenen däldigini aýratyn nygtady.
Gülbadam Babamuradowa bu duşuşykda öz sport karýerasyny ýapandygy hakynda habar berdi. Öz başarnyklaryny we tejribelerini bolsa, ýurdumyzyň ýaşlaryna geçirjekdigini we şeýle görnüşde tälimçilik etjekdigini aýtdy.
“Maşgala” türgenleşik merkezinde sportsöýerler üçin oňaýly, rahat şertler döredilen. Bu merkez Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolynyň ugrunda ýerleşýän Sport we syýahat dükanynyň içinden ýerleşýär. Esasy aýratynlygy bolsa bu merkezde türkmenistanly dünýä çempionlary tälim berýär.
Gülbadam Babamuradowa, Ylýas Möminow, Ruşana Nurjajowa Aziýanyň we dünýäniň Sambo boýunça iri ýaryşlarynda birnäçe gezek altyn, kümüş we bürünç medallary gazandylar, Türkmenistanyň Prezidentiniň premiýalary bilen sylaglandylar
Teswirler