Afrikada täze usulda internet paýlanylar

Afrikada internedi paýlamagyň täze usuly barlagdan üstünlikli geçirildi. Bu usul  ýagtylygyň üsti bilen uzak aralykdan internet baglanyşygy amal aşyrmak bolup durýar. Bu barlagda täze ulgamyň üsti bilen Kongonyň Brazwil we Kongo Demokratik Respublikasynyň Kinşasa şäherleriniň arasynda baglanyşyk alyndy.

Bu taslama Google degişli bolan “Alphabet” kompaniýasynyň  «Alphabet X» täzelikleri we adatdan daşary taslamalary synag etmek bilen meşgullanýan bölümi tarapyndan “Tara” diýilip at goýuldy.

Bu taslamanyň esasy sebäpleriniň biri bolsa bu iki şäheriň arasyndaky simli internediň örän haýaldygy aýdylýar. Bu taslama arkaly internet ulgamyny üpjün etmekde sim ulanman, bahasynyň ep-esli amatly bolýandygy hem bellenilýär.

Gülnabat SAPAROWA
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok