Indi onlarça ýyldan bäri ýurdumyzda gurluşyk işlerini alyp barmakda ýa-da olary gerek bolan gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmekde öňdebaryjy kärhanalaryň biri-de, «Mizemez gadam» hususy kärhanasydyr. 1994-nji ýylda esaslandyrylan bu kärhana Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýär. Kärhanada gurluşyk işleri üçin zerur bolan gury gurluşyk garyndylary, suw esasly emulsiýalar, kafel üçin ýelimler, bişen kerpiç ýaly gurluşyk serişdeleriniň we gidroizolýasiýa örtükleriniň önümçiligi ýola goýlan. Bu ýerde 200-e golaý iş ýerleri döredilen.
Önümçilik kuwwatlylygy aýda 1 million inedördül metre barabar bolan kärhanada gidroizolýasiýa örtükleri üçin gerek bolan çig mallaryň iň köp bölegi öz ýurdumyzda üpjün edilýär. Häzirki wagtda bu kärhana tarapyndan öndürilýän önümler ýurdumyzyň içindäki alnyp barylýan gurluşyk işlerinde islegli haryda öwrülmek bilen, daşary bazarda hem geçginli harytlaryň üstüni doldurýar. Bu kärhana tarapyndan öndürilýän gidroizolýasiýa örtükleriniň uly tapgyryny dünýä bazaryna çykarmakda uly işler alnyp barylýar.
Hususy kärhananyň önümleri bu gün Türkiýe, Özbegistan, Owganystan, Gruziýa, Azerbaýjan ýaly ýurtlara ugradylýar. Mundan başga-da, kärhananyň işgärleri Gazagystan, Täjigistan, Russiýa ýaly ýurtlara öz öndürýän önümleriniň eksportyny ýola goýmak üçin geleşikleri baglaşmakda degişli işleri alyp barýarlar.
Çeşme:“Rysgal” gazeti
Teswirler