Häzirki zaman türkmen şygryýetinde liriki öwrülişik

Türkmenistanyň Medeniýet hepdeliginiň
şygryýet agşamyna bagyşlanýar.

Hormatly Prezidentimiziň: «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň nesilleriniň häzirki zaman dünýä edebiýatynyň naýbaşy eserlerini türkmen dilinde okap bilmegini, şeýle hem parasatly pähimdarlarymyzyň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiligi bilen dünýä halklarynyň öz ene dilinde tanyşmagyny ýola goýmagymyz bilen bilelikde, bu gün bizden Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň edebiýatyny döretmegi  hem döwür talap edýär.»[1]– diýip örän jaýdar belleýşi ýaly, milli edebiýatymyzyň her döwrüniň öz işleýän bir temasy bolýar. Mysal üçin, Magtymgulynyň «Türkmeniň», «Türkmen binasy»,«Fetdah»atly şygyrlarynyň, Seýdiniň «Dönmenem begler», «Baraýlyň»,  «Lebap hoş indi»atly goşgularynyň döremegine bu şahyrlaryň ýaşan taryhy zamanasy sebäp bolupdyr. Şeýlelikde, her döwrüň taryhy zamanasy şol döwrüň edebiýatyny äşgär edýär. Biz bolsa häzir ata Watanymyz bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň yglan eden ajaýyp taryhy zamanasynda ýaşaýarys. Şu taryhy zamanamyzyňam edebiýatymyzda öz öňe çykaran temasy bar. Şol ajaýyp tema bolsa,ýurdumyzyň ykdysadyýetine guwanmak,  buýsanmak temasy bolup durýar[2]. Bu temanyň häzirki zamananyň türkmen edebiýatynda döremeginiň özi bir syýasy hadysadyr. Hut şu nukdaýnazardanam, okyjylar köpçüligi ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini wasp edýän goşgulary syýasy lirika diýip häsiýetlendirýärler. Ýöne, bu babatda belli edebiýatçymyz Rahman Rejebowyň «Liriki mazmun we şygyr sungaty» atly kitabyndaky: «Umuman, alanyňda syýasy däl lirika ýok. Lirika, tutuşlygyna, onuň ähli žanrlary syýasy hadysadyr. Ol tutuşlygyna durmuşy tendensiýaly[3], belli estetik[4] idealyň nukdaýnazaryndan beýan edýär we düşündirýär. Şuňa görä-de bu ýerde «syýasy lirika» termini şertli alynýar.»[5] – diýen ylmy garaýşyny ünsden düşürmeli däldiris. Çünki, bu ýerde halypa alymymyzyň lirikanyň ähli görnüşlerine syýasylygyň mahsusdygy, şonuň üçin-de «syýasy lirika» terminiň şertli alynýandygy barada öňe sürýän pikirleri ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini wasp edýän şahyrana eserleriniň häzirki zaman türkmen edebiýatynda syýasy lirikanyň ykdysady temasyny däl-de, eýsem, syýasy lirikadan düýpgöter aýratynlykda täze bir ykdysady lirikany döredendigini aýan etmäge esas bolup durýar. Ýeri gelende aýtsak, ykdysady lirika[6] liriki žanryň ylmy esaslarynyň talaplaryny hem doly ödeýär. Muňa mukaddes Watanymyzyň ykdysady ösüşlerini wasp edýän şahyrana eserleriň liriki mazmunynyň esasynda anyk-aýdyň göz ýetirmeklik bolýar. Bu hili şygyrlara, ýagny ykdysady lirikadaky goşgulara mysal hökmünde[7] Dädebaý Nartyýewiň «Gündogar – Günbatar gaz geçirijisi»[8] atly şygrynyň:

                                   Galkyndyrar joşly Hazar kenaryn,
                                   Merjen Awazasyn, desgalaň baryn,
                                   Seň bilen gül açar eziz diýarym,
                                   Gündogar – Günbatar gaz geçirijisi –  diýen, Nowruz Gurbanmyradowyň «Magdanlar mesgeni»[9] atly goşgusynyň:

                                    …Berkarar döwletiň senagatyna,
                                    Goşuljak dünýäni aňk etjek şaha.
                                    Beýik Arkadagyň parasadyndan,
                                    Başlandy bu ýeriň täze taryhy.

                                   Garlyk şäherçesi, kaliý zawody
                                    Haý, diýmän äleme ýetjek tarypy – diýen, Kakamyrat Rejebowyň «Ýazyldy taryha tylla sahypa»[10] atly şygrynyň:

                                    Begene-begene, beg bolduk bu gün,
                                    Bolduk şatlyk şalygyna şärikli!
                                    Türkmen – gazak dostluk serhetlerinde
                                    Polat ýollar ykbal bolup birikdi!
                                    Ýüpek ýollar ýürek bolup birleşdi!
                                    Bu uly zamanaň beýik joşguny
                                    Gelip-gelip, şu pursada ýerleşdi – diýen ajaýyp setirlerini görkezmeklik bolýar. Bu ýokarky şygyrlaryň mazmunynda öz ýurdunyň ykdysady syýasatyndakybeýik galkynyşlaryny oňlap, bu ugurdaky ägirt uly ösüşlere göwni galkynan liriki gahrymanyň milli buýsanç duýgusy beýan edilýär. Munuň özi ykdysady lirikanyň iň esasy aýratynlygydyr. Çünki, ussat halypa alymyz Muhammetguly Amansähedowyň «Edebiýat teoriýasy» atly kitabynda belleýşi ýaly, lirika ynsanyň içki dünýäsindäki iň näzik duýgusynyň paýhas eleginden elenip, dömüp çykmasydyr[11], ýagny ol duýguň önümidir[12].  Şonuň üçinem, şahyrlarymyzyň gursaklaryndan Watanymyzyň ykdysady ösüşlerine bolan buýsanjyndan ýaňa syzlyp çykan örän inçe duýgusy çeper sözüň  şahyrana dilde ykdysady lirika hökmünde aňladylmasydyr. Ýeri gelende ýene-de bir bellemeli zat, häzirki zaman türkmen edebiýatynyň ykdysady lirikasynda çeperçilik serişdesi hökmünde çeper meňzetmeleriň uly orun tutýandygyny Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň paýtagtymyzyň Çandybil şaýoly barada ýazan[13] «Beýik Ogluň beýik ýoly»[14] poemasynyň:

                           Duzuň ýaly mukaddesdir ýollaryň,
                           Mahmal niýetiňi düşek ediner… – diýen,  Nowruz Gurbanmyradowyň «Altyn asyr» Gündogar bazary hakynda döreden «Aşgabadyň ak bazary»[15]atly şygrynyň:

                            Ak bazar göýäki, owadan şäher,
                            Lowurdaýar aýna kimin ýollary…  – diýen, Süleýman Ilamanowyň TOPH gaz geçirijisi barada[16] ýazan «Arkadagyň nurly paýhas ummany»[17] atly poemasynyň:

                            Saturnyň halkasy deý başyna
                            Dünýä geýýär bu gün mawy halkasyn…
                            …Türkmen gazy – dünýäniň jandamary – diýen, ýene-de bu şahyryň «Köňülleriň köprüsi»[18] atly goşgusynyň:

                                  Amyderýam, bagtly sen dünýäde,
                                  Joşup gaýna, iner kimin kükre sen…
                                 Otly barýar ili ile gowşuryp,
                                 Goşa kenar – goşa bagtyň örki sen…

                                 Amyderýam – baky eşret dünýäm sen,
                                 Doganlygyň damary sen, köki sen.
                                 Halkyň Howandary gurdy üstüňden,
                                 Jahan sary Parahatlyk köprüsin! – diýen ajaýyp şahyrana setirlerinden anyk-aýdyň göz ýetirmeklik bolýar. Süleýman Ilamanowyň «Köňülleriň köprüsi» atly ýokarky goşgusyny okan mahalyň syýasy lirikanyň parahatçylyk temasynyň parahatçylyk ideýasyny ykdysady lirikanyň hem öňe sürýändigi mese-mälim aýan bolýar.  Şahyr Ogultäç Oraztaganowanyň  «Rysgal-baýlyk tapsyn, mydam goý, mundan»[19] atly şygrynyň:

                                        Akar ýatar indi şaglap gaz käni,
                                        Arkadagly Watanymyň goýnundan.
                                        Owganystan hem Päkistan, Hindistan,
                                        Rysgal, baýlyk tapsyn, mydam goý, mundan.

                                        Gözel  ýurdum mekanydyr, öýlere
                                        ýylylyk paýlajak mawy ýangyjyň.
                                        Indi seniň alys, uzak ýurtda-da
                                        Gümansyzdyr, bagt paýlap ýanjagyň – diýen setirlerini okan mahalyň bolsa[20], syýasy lirikanyň halklaryň dostlugy ideýasyny ykdysady lirikanyň hem öňe sürýändigini anyk-aýdyň görmeklik bolýar. Munuň özi bolsa ýurdumyzyň ykdysady ösüşleriniň ykdysady lirikanyň tema, ideýa, we çeper mazmun taýdan özgerşine, kämilleşişine diýseň ýiti täsir edendigini mese-mälim aýan edýär. Şahyr Süleýman Ilamanow «Türkmen gazy – dünýäň ýazy»[21] atly şygrynyň:

                                  Demir ýollaň, ulag ýollaň, derýalaň,
                                  Aşagyndan kerem golun geçirip,
                                  Bagt paýlaýar, müňläp-müňläp maşgala,
                                  Ojaklara alaw-nurun eçilip.

                                  Hytaýly enäniň aşhanasynda
                                  Mähir goşýar eziz ene mährine.
                                 Zawod-fabriklerde müňläp işçileň,
                                 Durmuş gülün ekýär köňül şährine – diýen ajaýyp setirlerinde türkmen gazynyň gaz geçiriji turbalar arkaly demir ýollaň, ulag ýollaň, derýalaň aşagyndan geçip, müňläp-müňläp maşgalalara bagt paýlaýşyny, hytaýly enäniň aşhanasynda eziz ene mährine mähir goşuşyny, zawod-fabriklerde işçileriň durmuşyny güle öwürşini çeper keşpde şekillendirmeklik bilen, öz duýgusyny has içgin suratlandyrypdyr. Şahyryň bu goşgusyny ylmy dilde ykdysady lirikadaky liriki portret diýip atlandyrmaklyk bolar. Çünki, ussat halypa alymymyz Muhammetguly Amansähedowyň «Edebiýat teoriýasy» atly kitabynda ýazmagyna görä, liriki portret – taryhy, tipleşdirilen adam häsiýetleri, tebigatyň keşbi[22] bolmak bilen, liriki obrazyň bir görnüşidir[23]. Hut şu nukdaýnazardan-da, belli edebiýatçy alymymyz Rahman Rejebow: «Liriki eseriň iň esasy aýratynlygy onuň obrazlylygydyr. Ol tutuşlygyna obrazdyr. Onuň her setiri obrazdyr, şonuň bilen birlikde durşuna-da obrazdyr.»[24] – diýip örän jaýdar belleýär. Muňa mysal hökmünde ykdysady lirikada ýazylan ähli goşgulary görkezmeklik bolar. Ýöne, bu babatda sözümiz gury bolmaz ýaly, diňe bir goşgynyň üstünde durup geçmekçi. Şahyr Ogultäç Oraztaganowanyň «Gündogar – Günbatar gaz geçirijisi»[25] atly goşgusynyň:

                                   «Ak ýol» bolar beýik ýoluň ýazgysy,
                                   Göwnüň götär alkyşlaryň ýagmasy,
                                   Watan şöhratynyň Göge galmasy,
                                  Gündogar – Günbatar gaz geçirijisi – diýen bendiniň her setiri obrazdyr[26]. Çünki, şahyr bu şygrynyň birinji setirinde hormatly Prezidentimiziň bu gaz geçiriji turbaň ýüzüne «ak ýol» diýip ýazan pursadyny, ikinji setirinde, milli Liderimiziň «ak ýol»  diýen ýazgyny ýazan mahalynda ýagan alkyşlaryň göwünleri galkyndyrandygyny, üçünji setirinde bolsa, şol alkyşlaryň Watan şöhratyny arşa göterendigini beýan edýär. Ine, şunuň özi bolsa,bu ýokarky şygryň  her setiriniň obrazdygyny, durşuna obrazdygyny aýan edýär.Liriki obraz bolsa, edebiýatçy alym Öde Abdyllaýewiň belleýşi ýaly, esasan gahrymanyň belli-belli pursatlardaky belli bir sebäbe görä möwç uran joşgunly duýgusynyň beýan edilmegi bilen aýdyňlaşýar[27].

                                                           ***

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran ajaýyp zamanasy ýurdumyza uly ösüşleri getiren we mundan bu ýanky gazanyljak ägirt uly sepgitleriň binýadyny goýan ajaýyp bir taryhy döwür bolup durýar. Bu taryhy döwrüň ýurdumyzyň ykdysady özgertmeleriniwasp edýän çeper şygryýetini ylmy esaslarda özleşdirmekligiň, öwrenmekligiň, edebiýaty öwreniş ylmyna hem, ykdysadyýeti öwreniş ylmyna hem önjeýli goşant goşjaklygy öz-özünden düşnüklidir.  Hut şonuň üçin hem, men häzirki ajaýyp döwrümiziň edebiýatynyň ýurdumyzyň ykdysady özgertmelerini wasp edýän ykdysady lirikasynyň tema, ideýa we çeper mazmuntaýdan özgerşini, kämilleşini has içgin öwrendim. Netije-de:

  • Häzirki zamanamyzyň türkmen edebiýatynyň ykdysady lirikasynda döredilen goşgularynda çeper şygryýetiň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň aýnasy bolup durýandygyny ýüze çykardym;
  •  Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylan uly ykdysady öňegi-dişlikleriň, ýetilen beýik sepgitleriň ykdysady lirikada täze bir hil derejesine eýe bolan temany we ideýa mazmuny döredenligini mälim etdim;
  • Ata Watanymyz Türkmenistanda ägirt uly ykdysady syýasy ösüşleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimize bolan çäksiz minnetdarlygyň şu döwrüň ykdysady lirikanyň esasy ideýa aýratynlygyny kesgitleýänligini görkezdim;
  •  Şu döwrüň ykdysady lirikasynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimize, hormatly Arkadagymyza, günsaýyn ösüp özgerýän Watanymyza guwanç buýsançdan kalby doly täze bir liriki gahrymanyň orta çy-kanlygyny aýan etdim;
  • «Aklyk»pelsepesiniň ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ähli babatdaky ösüşleriniň ruhy-ahlak esaslary we ony ilerlediji beýik mukaddeslik nyşany hökmünde şu döwrüň ykdysady lirikasynda teswirlenýändigini ýüze çykardym.

 Toýly Jänädow
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň
Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy.


[1]«Garagum» žurnaly. 06.2013. 5-nji sahypa.

[2] Toýly Jänädow. Şygryýetimiziň aklyk pelsepesi.  «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2016-njy ýylyň 1-nji iýulyndaky sanynyň 2-nji sahypasy.

[3]Tendensiýa – Birzadyňesasyideýasy, birtaraplaýynpikir, meýil. Seret: Türkmen diliniň sözlügi.  – A.:, «Ylym» neşirýaty. 1962. 1228-nji sahypa

[4]Estetik – näzik, owadan zatlara bolan höwesine, meýiline esaslanan, näzik, owadan zatlara bolan höwesine, meýiline ýugrulan. Seret: Türkmen diliniň sözlügi.  – A.:, «Ylym» neşirýaty. 1962. 398-nji sahypa

[5] Rahman Rejebow. Liriki mazmun we şygyr sungaty. «Ylym» neşirýaty. Aşgabat – 1968. 70-nji sahypa.

[6] Toýly Jänädow. Arkadagly zamana – belent ylham ynsana. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2015-nji ýylyň 11-nji noýabryndaky sanynyň 6-njy sahypasy.

[7] Toýly Jänädow. Ykdysadyýet we şygyr. «Garagum» žurnalynyň 2013-nji ýylyň iýun aýyndaky sanynyň 39 – 42-nji sahypalary.

[8]«Nebit-gaz»gazeti. 26.01.2016. 3-nji sahypa.

[9]«Edebiýat we sungat»gazeti. 22.06.2012. 3-nji sahypa

[10]«Türkmenistan” gazeti. 05.12.2014. 4-nji sahypa..

[11] Muhammetguly Amansähedow. Edebiýat teoriýasy. TDNG. Aşgabat – 2012. 123-njy sahypa

[12]Muhammetguly Amansähedow. Edebiýat teoriýasy. TDNG. Aşgabat – 2012. 213-nji sahypa

[13] Toýly Jänädow. Türkmen ýoly – ylham gory. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2016-nji ýylyň 16-njy dekabryndaky sanynyň 3-nji sahypasy.

[14] Gözel Şagulyýewa. Belentligiň asman – zemin arasy. TDNG. Aşgabat – 2011. 125-nji sahypa.

[15]«Edebiýat we sungat» gazeti. 18.02.2011. 2-nji sahypa.

[16] Toýly Jänädow. «Galkynyşdan» galkynan şygryýet. «Nebit-gaz» gazetiniň 2014-nji ýylyň 18-nji fewralyndaky sanynyň 7-nji sahypasy.

[17]«Edebiýat we sungat» gazeti. 28.05.2010. 5-nji sahypa

[18]«Edebiýat we sungat» gazeti.  18.09.2009. 2-nji sahypa.

[19]«Galkynyş» gazeti. 16.12.2015. 4-nji sahypa.

[20] Toýly Jänädow. Şygryýetimiziň aklyk pelsepesi.  «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2016-njy ýylyň 1-nji iýulyndaky sanynyň 2-nji sahypasy.

[21]«Edebiýat we sungat»gazeti. 18.12.2009. 5-nji sahypa.

[22] Muhammetguly Amansähedow. Edebiýat teoriýasy. TDNG. Aşgabat – 2012. 210-njy sahypa

[23] Muhammetguly Amansähedow. Edebiýat teoriýasy. TDNG. Aşgabat – 2012. 210-njy sahypa

[24] Rahman Rejebow. Liriki mazmun we şygyr sungaty. «Ylym» neşirýaty. Aşgabat – 1968.  35 – 36-nji sahypalar.

[25]«Galkynyş» gazeti. 23.12.2015. 4-nji sahypa.

[26]Toýly Jänädow.Häzirki zamananyň türkmen edebiýatynda tema täzeçilligi. «Garagum» žurnalynyň 2016-njy ýylyň noýabr aýyndaky sanynyň 125 – 128-nji sahypalary.

[27] Öde Abdyllaýew. Edebiýat teoriýasynyň esaslary. Türkmenistan döwlet okuw-pedagogik neşirýaty. Aşgabat – 1963. 138-nji sahypa

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok