Çagalaryň arasynda gaýa çykmak boýunça festiwal geçirildi

«Älem» medeni-dynç alyş merkezinde çagalaryň arasynda emeli gaýada gaýa çykmak boýunça festiwal geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Çagalar Gaznasynyň goldamagynda, «AGAMA» alpinistler kluby tarapyndan gurnaldy. Bäsleşige 4 ýaşdan 14 ýaşa çenli çagalaryň 160-sy gatnaşdy. Bäsleşik ulularyň gözegçiliginde we ygtybarly goragda geçirildi.

Ýaryşyň guramaçylary bäsleşige gatnaşýanlaryň aglabasynyň 4 ýaşdan 9 ýaş aralygynda boljakdygyny göz öňünde tutup, emeli gaýalarda dürli derejede çylşyrymly ugurlary gurnapdyrlar. Bäsleşikde 8 ýaşly Danila Kasimow bilen 11 ýaşly Eliza Duryýewa, Dmitriý we Darýa Bulaýewler öňdäkileriň hatarynda ugurlaryň ählisini geçip, alpinistler klubynyň sertifikatyna mynasyp boldular.

Ýaryş tamamlanandan soň festiwala gatnaşanlaryň ählisine «AGAMA» alpinistler klubynyň sertifikaty we Çagalar Gaznasynyň baýraklary gowşuryldy. Bu çäre 2005-nji ýyldan bäri geçirilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok