«Ahal»-yň ýeňşi baýramçylyga ajaýyp sowgat boldy

17-nji maý güni, AFK-nyň kubogynyň «E» toparçasyndaky ikinji duşuşygynda-da ýeňiş gazanan «Ahal» taryhynda ilkinji gezek ýaryşyň sebitleýin finalyna çykdy. Örän güýçli garşydaş ― «Dordoý» bilen Bişkekde duşuşan «Ahal»-yň futbolçylary 2:0 hasabynda ýeňiş gazanyp,  baýramçylyk gününiň dabarasyny has-da artdyrdylar.

Gollaryň ilkinjisini oýnuň 7-nji minudynda «Dordoý»-yň  goragçysy Aleksandr Miçenko öz derwezesine geçirdi. Ikinji pökgini bolsa 78-nji minutda ýarym goragçy Elman Tagaýew geçirdi.

Bu duşuşykdan soňra utugyny 6-a çykaryp, toparçadaky garşydaşlarynyň ikisini hem ýeňen «Ahal»,  heniz sebitleýin ýaryş tamamlanmanka, onuň finalyna çykmagy başardy.

Hojaahmet Arazowyň tälimçilik edýän topary sebitleýin finalda «F» toparçanyň ýeňijisi bilen duşuşar. Ugurdaş toparçanyň ýeňijisi 20-nji maýda geçiriljek «Altyn asyr» ― «Nasaf» duşuşygyndan soňra belli bolar. Sebitleýin final duşuşyklar myhmançylykda 11-nji we 25-nji awgustda geçiriler.

Aýgúl Garaýewa

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok