Ak şäherim Aşgabat (akro)

«Aşgabadym-Waspyň etsem şygrymda» bäsleşigine

Alnyma sylmyşam ajap keşbiňi,
Keşbi dünýä nusga gözel Aşgabat.

Şygryma salaýyn saňa yşgymy
Äleme yşk nurun saçýan Aşgabat.
Her ädimi keramatdan ybarat,
Eşretine Hakdan inmiş salamat,
Röwşen ýollar rowaçlykdan alamat,
IL halanym ak şäherim Aşgabat.
Mermerden düzülen misli erteki,

Aşyklaryň şu güni, hem ertesi,
Şöhrat- şanyň haýran goýýar herkesi,
Galkyn ýene ak şäherim Aşgabat.
Arkadagym şäher sizli çaglandy,          
Bagtyýar il, bagtly güne  baglandy,
Alkyşlar sanlandy, ösüş şanlandy,
Ter gül açýan  ak şäherim Aşgabat.

Babaýewa Suraý
Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta
hünär okuw mekdebiniň I ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok