«Aşgabadym-Waspyň etsem şygrymda» bäsleşigine
Ak mermerli binalaryň waspyny
Ak kagyza sünnälemek isledim.
Aşgabadym seniň 140 ýaşyňy
Gutlamagy ýüregime besledim.
Neneň ajap, parahat sen şäherim
Gaýgy-gamsyz atýar her gün säherim
Üýtgeşik señ gyşyň, tomsuň, baharyň
Biz ýaşlaryň buýsanjy sen, Aşgabat.
Adyňy ýazdyrtdyň Ginnes kitaba
Waspyň dilde öwrülýändir mukama
Minnetdar biz eziz Arkadagyma
Saýasynda özgerýäň sen, Aşgabat.
Depämde arassa asuda asman
Bu görke ýüregim duranok joşman
Suwuň hem-de howaň janlara derman
Köňüllere ylham berýäň, Aşgabat
Bilim ojaklary, sport desgalar
Dynç alyş öýleri, myhmanhanalar
Ençeme döwrebap kaşaň binalar
Görküňe has-da görk goşýar, Aşgabat.
Ylymda, bilimde berkeýäň barha
Ähli ýerler üpjün tehnologiýa
Dünýä bilen aýakdaş bir hatarda
Ösüp barýaň hemme taýdan, Aşgabat.
Biz talyplar bilim alýas goýnuňda
Zähmet çekýäs bu özgeriş ýolunda
Bu gün seniň 140 ýylyk toýuňda
Buýsanç bilen arşa galyas, Aşgabat.
Amanmuhammedowa Dünýägözel
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Teswirler