Bäsleşige: “Aşgabat” (goşgy)

«Aşgabadym-Waspyň etsem şygrymda» bäsleşigine

Güllere bürenen şäher,
Owadan, eziz, Aşgabat.
Arkadagyň ýoly bilen,
Öwrüldi tutuş maşgala.

Bagtyýar ýaşaýar munda,
Ýurdumyň her bir raýaty.
Jennet küýsetmez goýnunda,
Gür baglaň salkyn saýasy.

Aşyklaryň şäherisiň,
Şäherisiň yşgyň – abat.
Seň jadyly säherleriň,
Köňlüme ylham, Aşgabat! 

Zeminiň göwher gaşy sen,
Ilde ykrarly paýtagtym.
Müdimi bolup ýaşa sen,
Mekany şatlygyň, bagtyň.

Arzuwlaň uşalýan ýeri,
Söýgiň nyşany, Aşgabat!
Arkadagyň ak eseri,
Ýurdumyň şany, Aşgabat!

Jahantäç Öwezowa,
«Biznes reklama» gazeti

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok