“Arkadagyň ak şäheri Aşgabat!”

«Aşgabadym-Waspyň etsem şygrymda» bäsleşigine

Seýran etseň bu zeminiň ýüzüne,
Hiç synlap doýma ýok dagy-düzüne,
Aşgabadym yssy görner gözüňe,
Ak şäherde bu gün türkmen ilim şat!
Arkadagyň yhlasy sen Aşgabat!

Bir-birine görk berip dur binasy,
Ýüreklerde watanymyň senasy,
Bu keramat Hakyň goldan penasy,
Ak guşlardan alyp bedewlermiz bat!
Arkadagyň ak şäheri Aşgabat!

Ýeller öwsüp, çalnar aýdymy-sazy,
Älem syryp çözlär kitap okany,
Pyragynyň arzuw eýlän mekany,
Bu şäherde jemlenipdir uly bagt!
Arkadagyň yhlasy sen Aşgabat!

Gündiz deý ýagtydyr aýdyň köçeleň,
Gözellikden dolup ýagty gijeleň,
Binalarny görüp doýmaz dideleň,
Aziýanyň merjeni bolup bada-bat!
Arkadagyň ak şäheri Aşgabat!

Ýüz kyryk ýylyň taryhynda şöhratyň,
Görküňe görk goşýar egsilmez badyň,
Rekordlaň sanynda orun alan adyň,
Bu gün dünýäň münberinde beýik at!
Arkadagyň ak şäheri Aşgabat!

Kerwen Berdiliýew
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
“Maliýe” fakultetiniň 5-nji ýyl talyby

Teswirler

Merdan.

Üstünlik arzuw edýän

Musa Pirmämmedow

Gowy goşgy