«Aşgabadym-Waspyň etsem şygrymda» bäsleşigine
Bu gün belent adyň doldy äleme,
Rekord goýduň goýup ili haýrana
Bir gezek görmedik galar armanda
Aziýanyň merjeni sen –Aşgabat!
Seni görüp joşýar şahyr ýüregi,
Sende bagt tapýar, ýaş-juwan göwni,
Uludan tutulýan toýlaň mesgeni,
Aşyklaryň şäheri sen –Aşgabat!
Gijeleriň gündizlerden zyýada,
Gözel görküň waspsyz galmaz bu çakda,
Arkadagym kitap ýazdy sen hakda,
Şahyrlaryň dilinde sen-Aşgabat!
Aziýanyň ykdysady merkezi,
Ylym, bilim, medeniýetiň ojagy,
Ak mermerli , Watanymyň ýüregi,
Baş şäherim, paýtagtym sen-Aşgabat!
Ýüz kyrk ýyl ýaşyňa uludan barýas,
Watan bolup şanly sene belleýäs,
Türkmen ili bilen belentden joşýas,
Arkadagyň ak şäheri –Aşgabat!
Gülşat Gurbandurdyýewa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby
Teswirler