«Aşgabadym-Waspyň etsem şygrymda» bäsleşigine
Aşgabat!
Watanymyň göwher gaşly ýüzügi,
Aziýanyň merjeni sen, Aşgabat!
Jahan içre at-abraýly, şöhratly,
Pederleriň yhlasy sen, Aşgabat!
Dünýä nurun saçýar mermer binalaň,
Köňülleň yşgydyr seýil baglaryň,
Diňe bagta sary barýar ak ýollaň,
Zamananyň ýalkymy sen, Aşgabat!
Bagşylaň, şahyrlaň ylhamysyň sen,
Göwünleň buýsanjy, buşlugysyň sen,
Ak bagtyň şuglasy, Arşyň nury sen,
Şanyňa ýaňlanyp gazal, Aşgabat!
Aýdyňlygyň, gözelligiň şäheri,
Ýada salyp mydam pasly bahary,
Arkadagymyzyň sungat eseri,
Ozal Hakdan ýalkanmyşsyň, Aşgabat!
Diýar
Ýer ýüzünde dost-doganly, heňňamlaryň şöhraty sen,
Jahan içre at-abraýly, pederleriň yhlasy sen,
Ak ýollaryň bedew batly, zamananyň ýalkymy sen,
Meger, Arşyň nury birle mähire eýlenen, Diýar!
Garaşsyz, Bitarap bolup, dünýäde saýlanan, Diýar!
Oguz handan gaýdyp asly, oguzlaryň ýurdy bolan,
Asyrlaryň dowamynda ençe beýik döwlet guran,
Seniň adyň Ýer ýüzünde mydam äşgär, belli bolan,
Diwanlarda dür söz bilen ýürekden söýlenen, Diýar!
Garaşsyz, Bitarap bolup, dünýäde saýlanan, Diýar!
Bitaraplyk ýörelgesi dünýä äşgär boldy bu gün,
Dünýäň belent münberinden söz sözleýär türkmen bu gün,
Hak Howandar Lider bilen diňe öňe barýar bu gün,
Gahrymanyň paýhasyndan beýgelýän, beýgelen, Diýar!
Garaşsyz, Bitarap bolup, dünýäde saýlanan, Diýar!
Bu gün dost-dogan ýygnanýar gözel mekan Awazaňda,
Beýik-beýik daglaryň gurşaýar töwerek daşyňda,
Ençe baýlyk jemlenendir mawy suwly Hazaryňda,
Dost-doganlyk serhediň bar, halka deý aýlanan, Diýar!
Garaşsyz, Bitarap bolup, dünýäde saýlanan, Diýar!
Bize pederlerden miras eziz Watany söýmek,
Gorap seniň degre-daşyň, mydam parahat gezmek,
Şahyr üçin beýik abraý waspyň dile getirmek,
Gujagynda toý-baýramlar uludan toýlanan, Diýar!
Garaşsyz, Bitarap bolup, dünýäde saýlanan, Diýar!
Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Maliýe fakultetiniň 1-nji ýyl talyby
Teswirler