Bäsleşige: “Aşgabat” (goşgy)

«Aşgabadym-Waspyň etsem şygrymda» bäsleşigine

Aşgabat

Nur saçýaň ylahy gudrata dönüp,
Bakýan bir asyrdan uzak ýaşyňa.
Meňzäp ak säherde asmandan inip
Bu diýara gonan algyr laçyna.
Aşgabat
— halkara howa menzili,
Ýurduň ýüreginiň başlanýan ýeri.
Seniň bilen ýüzýän hyýal deňzini,
Rowaçlygyň şemalyna eýerip.
Aşgabat!
— Aziýanyň ak merjeni
Yklym giňişligne saçyp dursuň nur.
Sport şäherçesi — ýaşlaň geljegi,
Aziýadaň boldy äleme meşhur.
Maslahatlar köşgi-nurana bina
Ölçeglere sygmaz belent hasaby.
Aşgabat
— rahatlyk paýlaýaň dünýä,
Wepaly dost bolup, dogan mysaly.
Ähli nokadyndan goja zeminiň,
Sen maňa şeýle bir ýakyn görünýäň.
Bolman dürli giňişlikleň haýrany,
Bozup wagt hasabyn, bilmän zamany,
Senden gelip ýene saňa dolanýan.
Ak gündizler ýöräp köçeleriňde,
Ak gündiz deý agşamlarňa giderin.
Asmana ýyldyzlar seçelenende,
Men ajap ertekä seýran ederin.
Täze binalaryň asmana bakan
Hem çarýana görmek saçyp galyşy,
Ähli köňülleri eýleýip mekan,
Hemme ýürekleri guçup bilişi.
Buýsançdan, söýgüden ýasalan ýaly,
Guwançly söýlenen aýdym mysaly.
Ykbaly göterlen eziz illeriň,
Hasyl bolan arzuwlary, myrady.
Arkadagly bu ajaýyp Diýaryň
Ýüregi sen
Sensiň köňül diregi.
Hasyl bolýan ýeri arzuw hyýalyň,
Päk yhlasyň mertebeli miwesi.
Seniň ösüşleriň eziz şäherim,
Berkarar Watanyň gujury-bady.
Üç asyr şaýady, menziller geçen.
Sen bagtly ynsanlaň köňül abady,
Söýgi bolup bu äleme nur saçan.
Aşgabat
— asyryň täze şäheri.
köpri sen geçmişden geljege sary.
Bir-birege ynanyşýan illerde
Ýaňlanýandyr parahatlygyň sazy.
Alysdan agaryp,
Nura beslenip,
Meňzeýäň süýt deýin päk sähere sen.
Buýsanja bäs gelmän, diýýän seslenip,
Arkadagyň gurýan ak şäheri sen.

Mätgurban MÄTGURBANOW,
“Biznes reklama” gazetiniň habarçysy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok