Bäsleşige: “Aşgabadym” (goşgy)

«Aşgabadym-Waspyň etsem şygrymda» bäsleşigine

Binalar bar ýüzläp müňläp,
Gelen myhman garar geňläp,
Daglar bilen egin deňläp,
Gözelleşýär Aşgabadym.

Köçeleri göwnüm ýaly,
Nurly ertä ömrüň ýoly,
Bagtyýarlyk döwrüm ýaly,
Şugla saçýar Aşgabadym.

Dost-doganlyk mekanydyr,
Aýdym sazyň mukamydyr,
Aşyklaryň şäheridir,
Gözel şäher Aşgabadym.

Dünýägözel Artykowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok