Bäsleşige: “Aşgabadym” (goşgy)

«Aşgabadym-Waspyň etsem şygrymda» bäsleşigine

Her  künjünde ösüp örňäp boý alýar,
Binalar köşükler belende galýar,
Ak şähere baksaň  açylýar  göwnüň,
Synlasaň Berkarar bagtyýar döwrüň.

Günbe-günden artyp şanyň şöhratyň,
Jahan içre belent ýaňlanýar adyň,
Badyma bat bolup berkarar Diýar,
Bagtyma bagt goşýar Ak Aşgabadym.

Arkadagym bagtly daňy atardy,
Ak şäherim gözel görke getirdi,
Bagy bossan  mermer şäher Aşgabat,
Seň goýnuňa seýle geler ýakyn ýat.

Aýjemal Artykowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok