“Aşgabadyň 140 ýyllygyna”

«Aşgabadym-Waspyň etsem şygrymda» bäsleşigine

Ak şäher Aşgabadym,
Dünýä dolup dur şanyň.
Rekordlar kitabynda
Arşa galýar şöhradyň.

***

Älem içre at goýan
Äpet halyň, mukamyň
Tamdyryň hem tamdyraň
Taryp eder zybanym.

***

Suw çüwdürim toplumy
Bezelen heýkel bilen
Geçmişden yşaratdyr
Oguzhan nesli bilen

***

Aşgabadyň asmanyn,
Beýik Tugum bezeýär.
Parahatçylygyň gül ysyn,
Gudratyna deňeýär.

***

Älem “Älemden” zyýada,
Seýle çyk paý-u-pyýada,
“Ylham” bat berer hyýala,

Gujak açyp dost-dogana.

***

Dag başynyň jygasy
Teleradioýaýlymymyz
Telediňin täç edip
Başyn göge diräp dur

***

Taryp edip ýetip bilmen
Ak şäheriň gözelligin
Arkadagym toý toýlaýar
Aşgabadyň 140 ýyllygyn

Gurbanbibi Rahimowa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň 1-nji ýyl talyby

Teswirler

Serdarovna

Gaty govy duzulen goshgy Mundan beylak hem okuvlarynda ustunlik

Serdarovna

Gowy duzulen goshgy Mundan beylak hem okuvlarynda ustunlik