Bäsleşige: Ak şäherim – Aşgabat!

«Aşgabadym-Waspyň etsem şygrymda» bäsleşigine

Belleýäris maýyň ýigrimi bäşine
Ak şähärim gutly bolsun baýramyň!
Hemmeler haýrandyr seniň görkiňe
Aşgabadym gutly bolsun baýramyň!


Gün-günden görküňe görk goşulýar
Has-da gözelleşip üýtgeýärsiň sen.
Seni görmedikler armanda galýar
Ak şähärim gutly bolsun baýramyň!

Az ýaly waspyňy etmäge sözler
Dostluga uzaýar bu ajap ýollar.
Baglary bezeýär al-elwan güller
Aşgabadym gutly bolsun baýramyň!

Müň sekiz ýüz segsen biriň ýazynda
Düýbi berkden tutulan ak şähärim
Taý ýokdur saňa ýakynda-daşda
Ak şähärim gutly bolsun baýramyň!

Sen Merkezi Azianyň merjen şähäri
Ginnesiň rekortlar kitabyna girdiň
Çalyşmaryn seniň hiç bir ýeriňi
Aşgabadym gutly bolsun baýramyň!

Arkadagyň saýasynda belleýäris biz
Bu gün ýüz kyrk ýyllyk ýaşyňy seniň
Näçe ýaşasaňam hiç garramarsyň
Ak şähärim gutly bolsun baýramyň!

Akyýewa Owadan
Türkmen oba hojalyk institutynyň

Weterinar lukmançylygy hünäriniň  3-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok