«Aşgabadym-Waspyň etsem şygrymda» bäsleşigine
Aşgabadym – Watanymyň ýüregi!
Şaýady sen ýüz kyrk ýyllyk taryhyň!
Doganlygyň hem dostlugyň güzeri,
Dillere dessandyr şanyň, tarypyň.
Aşgabadym – Aziýanyň merjeni,
Şöhratyňy ýaýyp dursuň zemine,
Lowurdaşýan binalaryň mermeri,
Şuglasyny saçýar ýeriň ýüzüne.
Aşgabadym asudalyk mesgeni,
Parahatlyk öňe süren şygaryň,
Joşdurýarsyň höwesimi, yşgymy,
Ylhamyma şöhle saçýan çyragym.
Aşgabadym – sen mirasym ebedi,
Medeniýetiň hem sungatyň ojagy,
Arkadagyň paýhasynyň eseri,
Seniň bilen toýly Watan gujagy.
Aşgabadym – köňülleriň aýdymy,
Dünýäň dillerinde ýaňlanýar adyň,
Hasyl boldy atalaryň aýdany,
Gündizleň nurana, gijeleň aýdyň.
Aşgabadym – şygryýetiň ganaty,
Ylhamlary getirýärsiň joşa sen!
Gözelligiň, sazlaşygyň sungaty –
Mähriban Paýtagtym baky ýaşa sen!
Aýjan Nallyýewa,
Hydyr Derýäýew adyndaky
Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby
Teswirler