Gördüm bar görküňi men gözüm bilen,
Waspyňa söz tapman hiç sözüm bilen,
Behişdiň jenneti, bagt bagy erem,
Aşgabadym-waspyň etsem şygrymda.
Zerlerden egniňe geýen lynasyň,
Waspyň terk edilmez ýene müň asyr,
Özüne görk alar sende her pasyl,
Aşgabadym-waspyň etsem şygrymda.
Reňbe-reň gülleriň müşki başgaça,
Goýnuňda her günüň dogşy başgaça,
Çagyrýaň dostluga sen gujak aça,
Aşgabadym-waspyň etsem şygrymda.
Gelerler seýrana, seýil islänler,
Kalbyňa hoş ýakar, bagy-bossanlar,
Her güni ýaňlanar sende bagt sazlar,
Aşgabadym-waspyň etsem şygrymda.
Mukama baş bolar seň gözelligiň,
Dünýäni aňk etdi bagt düzenligiň,
Seniň gudratyňdan ýaş ulaldygym,
Aşgabadym-waspyň etsem şygrymda.
Kerem-keramatyň dünýäde taýsyz,
Gün hem hiç ýaşanok bolmasa aýsyz,
Älemiň göwheri, bagt daşa taýsyň,
Aşgabadym-waspyň etsem şygrymda.
Maýsa Gölbaýewa
Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň Amyderýa daýhan birleşginiň ýaşaýjysy.
Teswirler