«Aşgabadym-Waspyň etsem şygrymda» bäsleşigine
Gül Watanym, topragyňa döneýin,
Sende geçmiş – geljek, ýazgydym bardyr.
Ýüregiňde aýdym bolup galaýyn,
Seni taryp edip ýazdygym bardyr.
Eý Watan, meň senden üzňe ýerim ýok,
Kalbym, söýgim, yşkym saňa baglanan.
Gözel görküň synlap doýup bilemok,
Nur sen didelermiň düýbüne daman.
Bu Watan başlanýar dogşundan Günüň,
Gaýratly Göroglyň Çandybilinden.
Berkarar ýurt bina eden Oglunyň,
Ýüzi bagtdan nur çaýylan ilinden,
Bu Watan başlanýar Arkadagyndan,
Bu Watan joş alýar Aşgabadyndan.
*
Müdimi mekany gadym Oguzyň,
Ärsagyň şir kimin ýaşan topragy.
Başyndan geçirip ýyllaň ýowuzyn,
Bolduň Beýik ýüpek ýoluň çatrygy.
Taryh saňa şaýat, geçmişiň aýan,
Mähir-muhabettiň özi, Aşgabat!
Ýüreklerde baky yşkyny aýap,
Saklaýan söýgüniň sazy, Aşgabat!
Parfiýenaň parlak şähri Nusaýyň,
Ýüreginden bina bolan paýtagtym.
Göz degmesin, saňa dagdan asaýyn,
Ak mermerlim, ak ýollaryň – ak bagtym.
Sende müňläp göwünleriň güzeri,
Mähir bolup siňdiň iliň ýüregne.
Kalbym joşly günleň nama ýazary,
Bagtly günleň bolsa ylham bu göwne.
Hupbatly günleriň agyr ýüküni,
Gerdeninde mertlik bilen çekenim.
Asyrlardan alyp gaýdyp köküni,
Bu gün dünýä nusga — nepis şekiliň.
Bagt sen, bagtlylaryň ýaşaýan şähri,
Aşgabadym, yşkyň, söýgiň ýeri sen!
Şatlyk-şowhunly sen, göterýän şähdi,
Merjen şährim, Aziýanyň düri sen!
*
Topragyňda ulamalaň yzy bar,
Ärleň, pirleň mesgenidir Nusaýyň.
Mertleň goýup giden ýeňiş sazy bar,
Mirasy Ärsagyň zikgelän şaýy…
Görmäge göz gerek Arkadag şährin,
Onuň şanly toýy ýetdi 140-a.
Owadan gelin deý bezenip beslen
Ähli geçmişiňi atynyp arka!
Ärsagabat bolup dörän şäherim,
Aşygabat bolup dünýä dolansyň.
Keşbi ajap, görki pasly baharym,
Saňa indi ýene döwran dolandy
Lezzetli durmuşyň geljegi abat,
Göwünlerde seýislenýär ak aty.
Gözelligi deňsiz-taýsyz Aşgabat,
Arkadagyň ajap eser sungaty.
Ogulnur Pirjikowa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby
Teswirler