Aşgabatda nirede ispan dilini öwrenip bolýar?

Türkmenistan Ispaniýa bilen 1992-nji ýylyň 19 –njy martyndan diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy we ikitaraplaýyn gatnaşyklar deň hukuly we birek-birege hormat goýmak esasynda ähli babatda netijeli işler alnyp barylýar. Mälim bolşy  ýaly, iki döwletiň arasynda ylym-bilim, oba hojalyk, söwda-senagat, ykdysadyýet, saglygy goraýyş we başga-da birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlyklar amala aşyrylýar.

Doganlyk halkyň ady belli TYPSA Group,Indra Sistemas , Joma, Cobra Group, Amiantit Group, ýaly kompaniýalary döwletimizde iri taslamalary amala aşyrýar we onuň oňyn netijlerini görýäris.  

Hünär hökmünde ispan dili we edebiýaty Döwletmämet Azady adyndaky Türkmen  milli dünýä dilleri institutynda ýokar bilim alyp bolýar.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Diller dünýäsi” dil merkezi, Azady adyndaky TMDDI-niň “Dil” merkezi, “Dana bilim merkezi”, “Gujurly bilim merkezi” ýaly möhlet okuw edaralary ispan dilini tölegli esasda möhletli okuwlar hödürlenýär. Bu okuw merkezleri arkaly islendik ýaşdaky raýatlar ispan dilini aňsatlyk bilen öwrenmegi üçin iň  kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilendir. Şeýle-de ähli welaýatlarda hereket edýän möhletli okuw merkezlerinde-de ispan dilini öwrenmäge mümkinçilik bar.

Ýurdymyzyň birnäçe kitaphanalarynda ispan kitaplary bar.Bu kitaphanalarda okuwçy, talyplaryň  okap bilimlerini artdyrmagyna ähli mümkinçilikler döredilendir.

Häzirki wagtda hem türkmen talyplary Ispaniýada özüniň ýokary bilimlerini görkezýärler we şol ýerde bilim alýarlar.

Mundan başgada daşary ýurt dillerini öwrenmeklik üçin Aşgabat şäherinde TSTB-nyň Telekeçiler mekdebi, “Hemaýat”, “Dalçyn“, “Päk nesil’’ ,  “Daýan“, “Zehin ýoly“, “Mert ýaşlar“, “Kämil bilim” ýaly birnäçe okuw merkezleri hereket edýär.

Türkmenistanda “Daşary ýurt dillerini okatmagyň milli konsepsiýasynyň” çäklerinde, ýaşlaryň we isleg bildirýän raýatlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin gerekli işler yzgiderli alnyp barylýar.

Döwletmyrat GURBANDURDYÝEW
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby

Şeýle-de okaň:
Aşgabatda ýapon dilini nirede öwrenip bolýar?
Aşgabatda koreý dilini nirede öwrenip bolýar?
Aşgabatda hytaý dilini nirede öwrenip bolýar?
Aşgabatda fransuz dilini nirede öwrenip bolýar?
Aşgabatda nemes dilini nirede öwrenip bolýar?

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok