Ussatlyga tarap gadam

Küşt sportuny özüne hemra edinen ýaş nesilleriň biri-de paýtagtymyzdaky 36-njy orta mekdebiň 8-nji “A” synpynyň okuwçysy Ýusup Muhadowdyr.

Ýusup ilki küşt oÿnuny “Kuznisa” okuw merkezinde FIDE-niň ussady Maýsa Öwezowadan öwrenÿär. Halypanyň irginsiz zähmeti netijesinde, ýaş küştçi küşt we şaşka mekdebinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp 1-nji orunlary eýeleýär.

Gysga wagtda ilki 3-nji, soňra 2-nji derejäni gazanmagy başarýar.

Ýusup Muhadow küştden başga-da lezginka tansy we kubik düzmek ýaryşlarynda 1-nji orunlara eýe bolmagy başardy.

Aprel aýynyň 4-ne Allaýar Şirliýew küşte seretmezden oýnalýan oýunda birbada 20 küştçi bilen bäsleşdi. Şol bäsleşikde ýeke-täk oýnuny Ýusup Muhadowdan utuldy.

Ýusup Muhadow häzirki wagtda”Bagtyýarlyk” sport toplumynda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Şöhrat Myratgulyýewdan tälim alÿar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok