Mekdep okuwçylarynyň arasynda 20-nji martda geçirilen I-EMC’2021 (International Eduversal Mathematics Competition) atly matematika dersi boýunça onlaýn görnüşindäki halkara bäsleşigine Daşoguz welaýatynyň ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Nurýagdy Hanbaýew we 21-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Mergen Gaýypow dagylar üstünlikli gatnaşyp baş baýraga, Altyn medala mynasyp boldular.
Indoneziýada geçirilen I-EMC’2021 halkara bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen 2 ýyldan bäri yzygiderli geçirilip gelinýär. Halkara derejesinde geçirilen bu onlaýn bäsleşige jemi 53 ýurtdan ýetginjek ýaşlar gatnaşdylar. Wideo gözegçiligi astynda geçirilen bu bäsleşik 2 sagat dowam edip, 40 sany soragdan ybarat boldy. Bäsleşik mekdep okuwçylarynyň ýaş aýratynlygyna baglylykda 3 kategoriýada alnyp baryldy.
Zehinli ýaşlarymyzyň bu üstünlikleri bizi diýseň begendirýär we buýsandyrýar. Bu üstünlikleriň aňyrsynda bolsa, ýaşlara bilim, terbiýe berýän mugallymlaryň zähmeti ýatyr. Bilimli ýaşlaryň şeýle halkara bäsleşiklerine gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolmagy ussat mugallymlaryň çeken zähmetiniň miwesidir.
Seýli ARYŞOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara Žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby
Şeýle-de okaň:
Ýaş matematikleriň üstünligi
Zehinli ýaşlar – geljegiň röwşeni
Türkmen okuwçylary 11 medal gazandy
Halkara Eduversal matematika olimpiýadasy geçirilýär
Türkmenistanly ýaşlar 1 altyn, 1 kümüş medal gazandy
Körpe matematik kümüş medal gazandy
Teswirler