Gowaçalary ýerli hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek

Gowaçalary ýerli hem-de mineral dökünler  bilen iýmitlendirmek

Ýerli dökünler

Ýerli dökünleriň ýyllyk mukdarynyň esasy bölegini, ýagny 80-90 %-ini ýerleri gurplandyrmak üçin güýz sürüminiň öňünden bermeli. Galan bölegini gowaçalar gülläp başlanda şerbet usulynda bermeli. Sebäbi ýerli dökünler bilen gurplandyrylan toprak özünde yzgary oňat saklaýar, ösümlikleriň peýdaly iýmit maddalaryny özleşdirmegine, ha syllylygynyň ýokarlanmagyna hem-de amatsyz howa şertlerinde-de has yl synalarynyň az dökülmegine ýardam berýär.

Kaliý döküni

Kaliý iýmit maddasynyň kadasy 60 kg/ga-dan köp bolsa, onda onuň 50%-ini sürümiň öň ýanynda, galan bölegini gowaça ilkinji gezek iýmitlendirilende azot bilen bile goşup ulanmaly. Kaliý döküni topragyň düzümini gowulandyrýar, gowaçanyň hasyllylygyny artdyrýar, hasyl synalarynyň dökülmegini azaldýar. Kaliý bilen üp jün edilen ösümlikleriň baldaklary berk, ýatmazak bolup, oňat ösýär. Şeýle hem ösümlik öýjüginiň suw saklaýjylygyny ýokarlandyryp, suwuň bugardylyşyny peseldip, gurakçylyga çydamly edýär. Kaliý döküniniň ýetmezçilik etmegi tohumyň arryklamagyna, gögerijiliginiň hem ýaşaýyş ukybynyň peselmegine getirýär. Ösümlikleriň ýapragynyň wagtyndan öň saralmagy kaliý döküniniň ýetmeýandiginiň alamatydyr, şonda ilki ýapraklaryň gyralary saralyp, soňra ortalaryna hem ýaýrap başlaýar.

Fosfor döküni

Fosfor döküni gowaçany tiz ýetişdirýär, onuň sowuga, yssa çydamlylygyny ýokarlandyrýar, köküniň ösüşini güýçlendirýär, hasyl top-lamagyna we onuň hiliniň gowy bolmagyna ýardam edýär. Fosfor döküniniň her gektara göz öňünde tutulan mukdarynyň 70 göterimini güýz sürüminiň öňünden, 20 göterimini gowaça ekişiniň öň ýanynda, 10 göterimini gowaça gülläp başlanda bermeli (2.9-njy su rat). Eger fosfor ýetmese, gowaça gunçalaryny dökýär, hasyla durmagyny gijikdirýär, gozalaryň bişip ýetişmegi gijä galýar, süýümiň hili ýaramazlaşýar, süýümiň çykymy hem azalýar. Şeýle hem gowaçalaryň ýaprakla ry towlanyp, gyzyl tegmilli ownuk bolýar.

Goňralan ýapraklar soňra süllerýär hem-de guraýar. Ýapraklaryň menek-menek tegmilleri ilki onuň aşak ujundan, soňra ýokarlygyna tarap ýaýrap ugraýar. Gowaça fosfor ýetmän mahalynda onuň aşaky ýapraklarynda, ýaprak damarlarynyň ugrunda melemtil-goňras tegmiller peýda bolýar, ýapraklaryň uçlary aşaklygyna düýrlenýär, şeýlelikde, ýapraklar gümmez şekilli güberilip durýar. Şonuň ýaly bolanda gowaçanyň ýapraklary wagtyndan öň düşýär.

Azot döküni

Azot döküni gowaçany gowy ösdürýär we hasyl toplamagyna ýardam edýär. Gowaça ekişinden öňki bejergide çizeliň aşagyna ýyllyk kadasynyň 90%-ini bermeli. 40%-ini gowaçalar iki-üç hakyky ýaprak çykaranda ýa-da gunçalap başlanda, galan 30 %-ini gowaçalar köpçülikleýin gülläp başlanynda bermeli. Iýulyň 15-inden soň gowaçalary azotly dökünler bilen iýmitlendirmek düýbünden bolmaýar. Eger azot döküni ýetmese gowaça, göýdük bolýar, ýapraklary saralyp süllerýär, köküniň ösüşi gowşaýar we hasyly peselýär. Azot döküni kadadan artyk dökülende ýa-da öz wagtyndan giç berilse, gowaça güýçli ösüp, hasyly az toplaýar.

Ösüş suwy

Ösüş suwuny tutmagyň başlanýan möhletlerini (kökleriň iýmit alýan gatlagy) ýerleriň toprak melioratiw ýagdaýlaryny nazarda tutup, suw tutmak işini siňňitli, az akymlar bilen topragyň yzgarlanyşyny gowaçalaryň ýagdaýy bilen pugta baglanyşdyryp geçirmek zerur (2.10-njy surat). Şol gatlak bolsa ösüşiň bütin dowamynda ösümlikleriň yzgara we ýokumly maddalara bolan mätäçligini birsyhly üpjün eder ýaly yzgarlylygy ýeterlik saklamaly.

Gowaçalar güllemezinden öň, topragyň 10-12 sm gatlagyndaky yzgaryň saklanyşyny yzygiderli barlap durmak zerur. Eger-de ýokarda görkezilen çuňlukda alnan toprak gowy tokga tutmasa, onda ol suw tutmagyň zerurlygyny görkezýändir.

Gowaçalar güllemezinden öň, kem-käsleýin süllerse (ýapraklary terligini ýitirse), günüň yssy wagtynda gowaçalaryň 20-25 % ýapraklary eplenende, olaryň esasy damarlary ter bolmasa, toprakda yzgar ýetmezçilik edýär. Şonda ol ýapraklary elläp görseň, ýumşak bolýar we düýrläniňde döwülmän, aňsatlyk bilen düýrlenýär.

Gowaçalaryň kadaly ösmegi üçin topragy gowaça kökleriniň ýaýran çuňlugyna çenli yzgarlatmak zerur. Topragyň yzgarlanyş çuňlugy güllemezden ozal suwarylanda 60 sm, gülleýiş, hasyl emele getirýän döwründe 80-100 sm, körekleri ýetişýän döwründe 60-70 sm bolmaly. Gowaçalar gülleýän hem-de hasyl elementlerini emele getirýän döwründe, olaryň suwa bolýan talaby has ýokarlanýar.

Suw tutmak işinde haýal-ýagallyga ýol berlip, ýerler guraksyradylsa, gowaçalaryň kadaly ösüşi bökdelýär, netijede, olaryň gunçalary, gülleri, düwünçekleri we ýaş körekleri dökülýär. Bu ýagdaý bolsa hasylyň peselmegine getirýär. Suw tutmazyndan ozal hatarara bejergi hem otag geçirmek arkaly meýdanlar hapa-haşal otlardan doly arassalanmalydyr.

Gowaçalara birinji ösüş suwuny tutmagyň gijikdirilmegi olaryň ösüşini we boý alşyny bökdeýändigi üçin ony gowaçalar gunçalap

başlanynda tutmak gerek. Çägeli we çägesöw toprakly ýerlerde suw tutmak işine gowaçalaryň ýagdaýyna görä, has irki möhletlerde girişmek zerur.

Gowaça meýdanlaryny suw tutmaga taýýarlamak üçin keşleri suw tutulmazyndan 1-2 gün öň çekmeli. Birinji suwdan ozal çekilýän keşleriň çuňlugy ýaşajyk gowaçalary toprak bilen gömlüp galmaz ýaly edip sazlanylýar, ol hem, adatça, 15-16 sm çuňlukda bolmaly.

Şondan soňky tutulýan suwlar üçin çekilýän keşleriň çuňlugy 21-22 sm bolmaly hem-de traktoryň iş enjamlary gowaçalaryň baldagyna we köküne zeper ýetirmez ýaly edilip sazlanmalydyr. Gowaçalar giň hatarlar bilen ekilen meýdanlarda keşleriň çuňlugy 25-27 sm we ondan hem çuň edilip çekilmeli.

Gowaçalaryň ösüş döwründe suw tutmak işleri yzgaryň sarp edilişine laýyklykda geçirilmelidir. Meselem, gowaçalar gülleýänçä iki gezek suwarylan bolsa, gülleýän döwründe 5-6 gezek, hasyl ýetişýän döwründe bir gezek suwarylmalydyr. Eger gülleýänçä bir gezek suwarylan bolsa, onda gülleýän döwründe üç gezek hasyl ýetişýän döwründe hem bir gezek suwarylmalydyr.

Gowaçalaryň kadaly ösüşine we hasyllylygyna diňe bir gijikdirip suw tutmak däl, eýsem, gereginden artyk suw bermek hem zyýan edýär. Artykmaç suw berlen meýdanlaryň gowaçalary boýa zor berýär, köregi az düwýär, düwenleri-de giç ýetişýär. Gowaçalar suwarylandan soň, dürli sebäplere görä, hatarara bejergini öz wagtynda geçirip bilmän, gaýtadan suwarmaga, şeýle hem gowaçalary basdyryp suwarmaga düýbünden ýol bermeli däl.

Gowaçalara suwuň artyk berilmegi ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna hem eltip, gowaçalaryň wilt, gara kök çüýreme we beýleki keseller bilen kesellemegini güýçlendirýär. Şoňa görä-de, gowaçalara suw tutmak işini bejergi işi bilen pugta utgaşdyryp alyp barmak zerur.

Gowaçalara ilkinji suw tutulanda, ol örän siňňitli, ýuwaş akym bilen berilmelidir. Şeýle edilende gowaçalaryň ýaşajyk kökjagazlary gowy ösüp, topragyň çuňlugyna tiz aralaşýar. Soňky suwlarda topragyň yzgarlanmagy gowaçalaryň kök ulgamynyň tiz ösmegine, şahalanyp, gapdal kökleriniň köpelmegine mümkinçilik berýär. Haçanda gowaçalaryň kök ulgamy güýçli ösende, onuň toprakdan alýan iýmit maddalarynyň mukdary artýar. Bu bolsa hasyl elementleriniň köpelmegine, hasylyň artmagyna uly şert döredýär.

Gowaçalar hasyl toplaýan döwründe tutulýan suw ders bilen şerbet usulynda berilse, özüniň gowy netijesini berýär (2.11-nji surat). Munuň üçin ýapdan gelýän suwuň atyza girýän ýerlerinde uly çukur gazmaly. Ony ýerli dökünler bilen doldurmaly. Atyzlara suwy şol çukuryň üstünden akdyrmaly. Çukurdaky dökünleri wagtal-wagtal bulap durmaly. Gowaçalaryň hor ýerlerinde el bilen keşiň içine ders dökseň, özüniň gowy netijesini berýär. Ahyrky suw keşleriň üstüni basar ýaly edilip tutulmalydyr. Şeýle edilende gowaçalar tä sowuk urýança doly ösüşini dowam etdirýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok