Gowaça barada umumy maglumatlar

Gowaça – pagta süýümini berýän medeni ekiniň gowaça diýen ady, türkmençe, gadymy türki dilde (“Kutadgu – biligde”) “gouz” manysynda ulanylan “kokuz” sözünden we – a goşulmasyndan durýar: “kokuz+a”, “gowuza”, “gowaza”. Sebäbi bu ösümligiň bişip ýetişen gozasy içi gowuz gapyrjak şekilindedir. Kokuza – gowaça sözi soňra gowaça görnüşine geçipdir. Gaýyby şahyr gowaça sözüni goza görnüşinde ulanyp, ony ähli ekinlerden ýokarda goýýar: hemmesi bildiler Gozany öwla, “Ulug sen!” diýip, hemme etdi töwella (“Otuz iki tohum kyssasy”). “Gowaça” manysynda öňem, şiwelerde häzirem goza sözi ulanylypdyr.

Gowaça däneli ekinler bilen bir hatarda Ýer ýüzünde iň gadymy ösümlikleriň biridir. Biziň eýýamymyzdan 3 müň ýyl öň Hindistanda pagta ýüplükleri ulanylypdyr. Merkezi Aziýada gowaça hojalyk zerurlyklary üçin biziň eýýamymyzdan öňki V asyrdan bäri ekilýär.

Gowaça ösümlikleriň Gossypyum maşgalasyna degişlidir we birýyllyk hem-de köpýyllyk uly bolmadyk gyrymsy görnüşli agaçdyr. Gowaçanyň medenileşdirilen görnüşiniň boýy 70-150 sm bolan birýyllyk ösümlikdir. Hojalyk-peýdaly ösümlik görnüşinde gowaçanyň hindi-hytaý (Gossypyum arborcum), afrikan-aziýa (Gossypyum herbaceum), meksikan (Gossypyum hirzutum) we peruan (Gossypyum Barbadense) görnüşleri bellidir. Azerbaýjanda we Merkezi Aziýada soňky iki görnüşi medenileşdirilen, şeýle hem Gossypyum barbadense diňe Türkmenistanda, Täjigistanda we Özbegistanda ekilýär.

Gowaçanyň medenileşdirilen görnüşleri köp sanly saýlanan seçgi sortlardan ybarat. Seçgi sort – bir görnüşli ösümligiň toplumy bolup, kesgitli morfiologik nesillilik, hojalyk alamatlaryny, häsiýetlerini durnukly eýeleýän we medenileşdirilen ösümligiň birlikden pes bölünişigidir.

Gowaçanyň morfiologik alamaty – ösümligiň gurluşynyň (baldagynyň, şahalarynyň, ýapraklarynyň, gülüniň, gozalarynyň, çigidiniň we ş.m.) tapawutly aýratynlygydyr.

Hojalyk alamatlary – onuň önümlerini adama zerurlygy nukdaýnazardan, ýagny çig malynyň hili we mukdary bilen häsiýetlendirilýän görkezijidir. Gowaça üçin ilki bilen bu umumy alynýan süýüm we onuň hilidir.

Süýümiň hili boýunça gowaça inçe süýümli we orta süýümli sort lara bölünýärler. Inçe süýümli gowaçada süýümiň uzynlygy 40-41 mm, süýümiň inçeligi ondan hem pes bolsa, onda süýümiň uzynlygy artýar. Inçelik – süýümiň ýogynlygyny kesgitleýän ululykdyr. Orta süýümli gowaçada – süýüminiň uzynlygy 36 mm-e çenli gödek süýümliligi bilen häsiýetlendirilýär we esasan, Gossypyum Hir zutum ýa-da aralyk garyşyk görnüşine degişlidir.

Gowaça çigitden köpelýär we ol özüniň ýaşaýyş ukybyny birnäçe ýyllap saklaýar.

Tohumlyk çigidiň gögermesi üçin daş-töwerekdäki gurşawyň, topragyň amatly şertleri, temperaturasy, çyglylygy zerurdyr. Çigidiň 60% we ondan hem ýokary çyglylygynda kadaly gögeriş başlanýar. Şonuň üçin çigidi ekmezden öňürti çyglaýarlar.

Tohumlyk çigit topragyň temperaturasy 14-16°C we howanyň temperatur asy 18-20°C bolanda 10-12 günden gögerip çykýar. Daş-töweregiň temperaturasy 20-25°C ýokarlansa, onda 6-10 günden gögeriş berýär.

Hakyky birinji ýaprak gögerişden 7-10 günden soň, ondan 4-5 gün soň ikinji ýaprak we şeýlelikde, gowaça baldagynyň ösüşi başlanýar.

Gowaçada 5-7 we ondan hem köp ýaprak emele gelenden soňra, hasyl emele getiriji (simpodial), şahalary emele getiriji bogdakly pyntyklar emele gelýär. Gowaçada üç görnüşli şahalanma bolýar: çäksiz, çäkli we nol.

Gögerenden, takmynan, bir aýdan soň, birinji gunça emele gelýär we ýene-de 25-30 günden soňra ol gülleýär. Gunçanyň emele gelmesi we güllemesi dikligine (esasy baldagyň aşagyndan) üç gün we keseligine (simpodial şahalarda) ýedi gün aralykda geçýär.

Hasyl organlary esasy baldagyň simpodial şahalarynda we şahalanmanyň nol görnüşinde baldagyň ýapraklarynyň birleşen ýerinde emele gelýärler we hasyl aýajyklary arkaly ýapyşýar.

Hasyl orta süýümli gowaçada perdeler bilen çäklenen 4-5 bölejiklerden ybarat körekden (gozadan) ybarat. Inçe süýümli gowaçada 3-4 bölejikden ybarat körek (goza) bolýar.

Her bir bölejigiň içinde 5-9 we ondan hem gowrak uçuk (tohum böwrejigi) bolup, ol uzyn (25-den 55 mm-e çenli), köplenç, ak süýümler bilen, käte gysgajyk (20 mm-e çenli uzynlykly sütükler) lintler bilen örtülen ýumurtga ýa-da armyt görnüşli aýry-aýry çigitlerden ybaratdyr (1.1-nji a, b; 1.2-nji a, b suratlar we 1.1-nji tablisa).

Tutuşlygyna gowaça körek ýetişip açylanda uly ähmiýete eýe bolýar, dilimleriň çişikligi, körek şikeslileriň we uçuklaryň özara sepleşikligi, tiz ýetişikligi, kesele durnuklylygy häsiýetleri bilen häsiýetlendirilýär.

Hojalyk we tilsimaty (tehnologiki) görkezijiler göz öňünde tutulanda pagta çig malynyň we süýümiň aýratyn gerekli görkezijisine bir gozadan çykýan pagta çig malynyň we 1000 çigidiň massasy, süýümiň çykyş göterimi (%), süýümiň uzynlygy, inçeligi, üzülme güýji bişenligi, deňölçegliligi we süýümiň çyrmaşyklygy (towlulygy) degişlidir.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok