Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň halk artisti Sahy Jepbarowyň doglan gününiň 115-ýyllygyna bagyşlanan “Ussatlykda tylla täçli bagşydyň” atly ýubileý konserti geçirildi.
Konsertde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýew, Türkmenistanyň halk artisti Amanöwez Saparow, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Kerwen Ýowbasarow, Türkmenistanyň halk artisti Parahat Şyhymow, Türkmenistanyň halk artisti Pälwan Hamydow ussat bagşynyň aýdymlary barada gyzykly gürrüňleri berip, ajaýyp aýdym-sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Sahy Jepbarowyň gysgaça terjimehaly
Sahy Jepbarow 1905-nji ýylda Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynda dünýä inýär. Ol ilki saz tälimini agasy Allaberdi Jepbardan soňra oba bagşysy Şyhdurdy Garadan alýar. Sahy Jepbarow obadaşy Täçmämmet Suhangulyýewiň tagallasy bilen Aşgabada gelip, halypasy Hally bagşy bilen tanyşyp, halypa-şägirtlik ýoluna başlaýarlar.
Sahy Jepbar diňe Hally bagşydan däl, eýsem Mylly Täçmyradow, Pürli Saryýew, Çuwal bagşy ýaly beýleki ussatlary diňläp ussatlygyny taplap geçýär. Ol ýaşlygyndan il içinde “Oglan bagşy” adyny alýar. 1937-nji ýylda Sahy Jepbarowa uly aýdym-saz topary döredip, oňa ýolbaşçylyk etmegi tabşyrýarlar. Sahy bagşy ýurdumyzyň dürli ýerlerinden zehinli ýaşlary Aşgabada çagyryp aýdym-saz toparyny döredýär.
1938-nji ýylda bolsa, döreden aýdym-saz toparynyň döwlet öňündäki ilkinji hasabaty üstünlikli geçip, oňa “Türkmenistanyň halk artisti” diýen belent at dakylýar. Şondan soň Türkmen döwlet filarmoniýasy açylyp, halk saz gurallary orkestri, Döwlet hory, tansçylar, bagşylar toparlary peýda bolýar. Sahy Jepbarow tä ömrüniň ahyryna çenli Türkmen döwlet filarmoniýasynda döredijilikli zähmet çekýär.
Sahy aga halk saz döredijiligine degişli bolan aýdym-sazlary ýerine ýetirende her gezek täzeçe öwüşginler berip ýerine ýetirýär. Sahy Jepbarowyň döreden “Şahyrym”, “Altyň biri”, “Nepes sen”, “Näzleriňden” ýaly aýdymlary şu günler hem milli saz döredijiligimize nur çaýýar. 1977-nji ýylda Sahy Jepbarow dünýeden ötýär. 1988-nji ýylda Magtymguly adyndaky döwlet baýragy berildi.
Şeýle-de okaň:
Sahy Jepbarowyň 115-ýyllygyna bagyşlanan ýubileý konsert geçirildi
Şamyrat Gurbannepesowyň 95 ýaş ýubileýi bellenip geçildi
Türkmen dutary ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilip bilner
“Nejep oglan” mawy ekranda
“Nejep oglan” filminiň premýerasy görkezildi
Ýaş kamera orkestr saz möwsüminiň açylyş konserti geçirildi
Teswirler