Habib Nurmugamedow: “Türkmenistanly janköýerlerine salam” ýollady.

UFC 1993-nji ýylyň noýabr aýynda döredildi. Sportuň bu görnüşi garyşyk söweş sungaty hökmünde bellidir. Baş binasy Newada, ABŞ-nyň Las Wegas ştatynda ýerleşýär. Ol esaslandyrylanda: dzýudo, taý-boks, karate, muaý-taý, sambo we göreş ýaly sportlaryň iň oňat usullary kabul etmegi we görkezmegi maksat edildi. Bu söweş boýunça ussatlygy bilen tanalaýan Habib Nurmugamedowdyr.

Habib Nurmugamedow soňky duşuşygyndan soň Türkmenistana salam ýollady. Bu bilen baglanyşykly wideo ACA-nyň çempiony Döwletjan Ýagşymuradowyň Instagram sahypasynda paýlaşyldy. Ol gysgaça şeýle diýdi:

““Türkmenistana kän salam! Kakam siziň ýurduňyzdaky Gyzylarbat şäherinde gulluk borjuny ýerine ýetirdi. Ol maňa Türkmenistan barada şeýle-de türkmen halky barada  köp zatlary aýdyp berdi. Şeýlelik bilen, men çagalykdan bäri däp-dessurlaryňyz bilen tanyş. Nesip bolsa, doganlar! Ol ýerde janköýerlerimiň köpdügini bilýärin, bir gün görüşeris!”

Ýeri gelende aýtsak, Habib Nurmugamedowyň kakasy Abdulmanap Nurmugamedow, Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde 2 ýyl gulluk borjuny ýerine ýetiripdir. Ol gözel watanymyz barada, taryhymyz, däp-dessurymyz barada Habibe aýdyp beripdir. Bu bolsa Habibde çagalykdan bu ýurdy görmäge uly höwes döredipdir. Geljekde söweşiji gözel ýurdumyzy hut özi görmegi meýilleşdirýändigini aýdýar.

Baýrammuhammet HANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok