Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan dizaýnerleri tarapyndan, gury ýerde we suwda çalt hereket edip bilýän ýumşak, kiçijik görnüşli ,, LEAP’’ robotyny döretdiler.
,,Science Advances’’-yň bellemegine görä, Amerikanyň Birleşen Ştatynyň Demirgazyk Karolina uniwerstitetiniň alymlary öz dizaýnlarynda bu kiçijik robotyň hereketlerinden ylham aldylar. Olar bu roboty döredenlerinde oňurga meňzeýän pružin çarçuwasyny ulanyldylar. Ondan başga-da, bu robot ýumşak materiallardan taýýarlanyldy.
LEAP – bu oňurga şekilli bolup, deňagramlylygy ýitirmän enjamyň agramyny bir aýakdan beýlekisine geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu oňurga şekilli, ýumşak robortlar sekuntda 2,7 uzynlyk bilen hereket edip, azyndan 3 esse çalt hereket etmegi başarýar. LEAP – oňurga hatda suwuň aşagynda hem hereket edýär. Ondan başga-da, ol suwda balyk robortlaryndan 32-122% çalt hereket edip bilýär.
LEAP – robortlarynyň uzynlygy ýedi santimetre, agramy bolsa 45 grama deňdir. Alymlar bellemegine görä, LEAP oňurganyň uly we kiçi görnüşini döretmegiň meýilnamasyny meýilleşdirýärler. Bu bolsa tizligiň möhüm bolan halas ediş işlerinde we akylly robotlary öndürmägä ýardam berer.
Taýýarlan: Hudaýberdiýew AÝMYRAT
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
Şeýle-de okaň:
Türkmen okuwçylaryndan halkara robot olimpiýadasyna taýýarlyk…
Robot tehnologiýalary şüweleňi geçirildi
Okuwçylaryň arasynda robotika boýunça synag ýaryşlary geçirildi
IT ýokary okuw jaýynda hereket edýän Ýaş alymlar geňeşi
“Akylly” ýöriteleşdirmek konsepsiýasy halkara sergide
ZEHINLI ÝAŞLARYMYZYŇ ÜSTÜNLIGI
Teswirler