Türkmenistanyň HBS-leriň işgärleri ÝUNISEF-iň maslahata gatnaşýarlar

Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriň işgärleri pandemiýa döwründe ene-atalar üçin habarlaşma usullary barada maslahata gatnaşýarlar.

Çarşenbe güni Aşgabatda şu hepde ÝUNISEF Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we BSGG-nyň goldawy bilen Türkmenistanyň pandemiýa garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň çäginde pandemiýanyň öňüni almak barada ikinji ýygnagyny geçirdi.

Habarçylar we baş redaktorlar üçin geçirilen bu maslahatyň dowamynda pandemiýa meselesinde ene-atalar üçin habarlary ýaýratmak, hususan-da çagalar bilen aragatnaşyk saklamagyň we täze hakykata öwrenişmäge kömek etmegiň ýollary ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başgada, çäräniň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ÝUNISEF we BSGG-nyň mekdepleri açmak boýunça görkezmeleri boýunça maglumat aldylar.

Ýygnagyň dowmaynda metbugat wekillerine halkara tejribesine esaslanyp, birnäçe maslahatlar berildi. Olaryň arasynda kemsidiji dili ulanmakdan gaça durmak we keselden gutulýan adamlaryň onyň başdan geçirmelerini aýan etmek ýaly usullary göz öňüne tutup, COVID-19 keseli bilen baglanyşykly bütindünýä meseleler barada habar bermek maslahat berildi.

“Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ilata, ene-atalara we çagalara saglyk we arassaçylyk kadalaryny ýaýratmakda möhüm orny eýeleýär. Biz köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen, hususan-da, Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen arassaçylyk boýunça wideo şekillerini taýýarlamak boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk edýäris. Geljekde hem biz pandemiýa döwründe we ondan soňky döwürde Türkmenistandaky çagalaryň saglygyny we abadançylygyny üpjün etmek üçin milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen hyzmatdaşlygymyzy giňeltmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys “- diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand belläp geçdi.

Maslahatdan öň ÝUNISEF-iň wekili Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet meseleleri boýunça orunbasary we Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy bilen duşuşyga gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda iki tarap 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda ÝUNISEF-iň Ýurt boýunça maksatnamasy esasynda pandemiýanyň öňüni almagy, çaganyň irki ösüşi we beýleki ileri tutulýan ugurlar boýunça çagalar we ene-atalar üçin täze meýilnamalary bilelikde işläp düzmegi maksat edinýändigi nygtadylar.

Çeşmesi: unicef.org

Şeýle-de okaň:
Ýaşlar forumy täze formatda geçirildi
2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda ÝUNISEF-iň Ýurt boýunça maksatnamasynyň resminamasy ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan tassyklanyldy
Mugallymlar güni haçan bellenilýär?
ÇAGALARYŇ BAGTYÝARLYGYNYŇ HATYRASYNA
Çagalar güni giňden bellenildi
Çagalar üçin çykan täze kitaplar
Çagalar baýragynyň ýeňijileri
BITARAPLYK ÇAGALARYŇ GÖZI BILEN
Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi
«Döwletliler köşgünde» terbiýelenýän çagalar üçin ýörite konsert geçirildi
Berdimuhamedow çagalar bilen Täze ýyl baýramçylygy geçirdi
“Täze ýyl” çagalara şatlyk paýlaýar
Çagalar bagynda döwrebap gurşaw
Berdimuhamedow: Çagalar we ýaşlar guramalarynyň hyzmatdaşlygy – parahatçylygyň kepili
Çagalar “Joş” bilen joşdy
Çagalar doňdurma önümçilik kärhanasyny gezip gördüler
Çagalar hezil etdi
“Altyn damja” dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar bäsleşdiler
“Kindi” bäsleşik gurnaýar
“GARAŞSYZLYGYŇ MERJEN DÄNELERI” BÄSLEŞIGININIŇ ÝEŇIJILERI
Akbugdaý etrabyna täze bilim işgärleri geldi
Aşgabatda täze çagalar bagy açyldy
Türkmen okuwçylaryndan halkara robot olimpiýadasyna taýýarlyk…
1-nji sentýabr – Bilimler güni

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok