“Bilgirjeden” Täze nesil žurnalistika okuw maslahaty

Dynç güni Bilgirje online portalynyň akademiýasy “Täze nesil žurnalistika” atly okuw maslahatyny geçirdi. Maslahatda:

ashgabat.in online habar saýtynyň redaktory Merdan Ataýew;

– ArzuwNews habar saýtynyň kordinatory Batyr Berdiýew;

– Sport žurnalisti Hajymyrat Söýünow;

– Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy, newashgabat saýtynyň redaktory Maksat Geldiýew dagylar çykyş etdiler. Maslahata žurnalistika hünärine uly höwes bildirýän ýaşlaryň 12-si gatnaşdy. Halypa žurnalistleriň aýdan gyzykly gürreňleri, täsirli çykyşlary maslahata gatnaşan ýaşlarda saýlan hünärine has-da höwes döretdi. Biraz wagtlyk arakesmede bolsa Meýlis Hydyrowyň skripka saz guralynda ýerine ýetirmeginde janly sazlary diňlenildi.

Soňra žurnalistikada grafik dizaýnyň hem-de branding  ähmiýeti dogrusynda Nurmyrat Gurbangylyjow çykyş etdi. Soňky söz nobaty Bilgirje online portalynyň admini Atajan Eýýupow sözledi. Ol online portalyň döreme sebäbini, ýaşlar üçin saýtyň ähmiýetli taraplary dogrusynda söhbet etdi. Maslahatyň ahyrynda Halkara sport žurnalynyň jogapkär kätibi Şirin Şirliýewa we telekeçi, lukman Rahymberdi Kerimow ençeme ýyllyk iş tejribesinden ýaşlara birnäçe mysallar getirip görkezdi. Panel görnüşli duşuşykda bolsa halypa žurnalistler, höwesjeň ýaşlary gyzyklandyrýan soraglary jogapladylar. Maslahata gatnaşan ýaş höwesjeňler, Bilgirje akademiýasy tarapyndan Minnetdarlyk hatlary bilen sylaglandylar. Bilgirje akademiýasy, şeýle (trening) maslahatlary ýygy-ýygydan geçirip durjakdygyny belleýärler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok