BEHIŞDI BEDEWLERIŇ WASPY DÜNÝÄ ÝAÝYLÝAR

Ahalteke atlarynyň şöhratyny arşa göterip, türkmen atşynaslyk sungatynyň giň gerimde ösdürilmegine uly badalga berýän Türkmenistanyň Prezidentiň ýiti paýhasyndan syzlyp çykan we “külli adam ykbalynyň küti sahypalaryna giren we onda mäkäm ornaşan” behişdi bedewlerimize bagyşlanan “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynyň dürli dillere terjime edilmegi asyrlar boýy türkmen halkynyň göz guwanjy, ýürek buýsanjy hasaplanýan bedewleriň at-owazasynyň dünýä dolmagyna itergi berdi. Atşynaslaryň we bedew atlaryň janköýerleriniň söýgüli gollanmasyna öwrülen bu kitaba daşary ýurtly okyjylar tarapyndan yzygiderli isleg bildirilmegi esasynda, ol rus, iňlis we hindi dillerine terjime edildi.

Ýakynda Hormatly Prezidentimiziň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynyň arap, türk we nemes dillerine terjime edilmegi has hem buýsançly we ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Şonuň esasynda ýurdumyzyň sungat ojagy bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hem halypa mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda bu kitabyň dürli dillere terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Ýygnakda “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň mugallymy Orazgözel Utamyşewa, “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy Jemal Toryýewa we beýleki gatnaşyjylar 8 tomdan ybarat bolan bu kitapda beýan edilýän türkmen halkynyň taryhynda, medeni durmuşynda uly orny eýeleýän türkmen ahalteke atlarynyň ähmiýeti barada gyzykly we täsirli gürrüň berdiler. Adamlaryň asyrlaryň dowamynda gazanan ýeňişleriniň ýarany hasaplanýan bedewlerimiz hakynda edilen çykyşlar, berilen gürrüňler bu ýere gatnaşan diňleýjilerde ýatdan çykmajak täsirleri döretdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok